Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň maliýe ministrligine hüjümiň aňrysynda rus hakerleriniň durandygy güman edilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Güman edilýän rus hakerleri ABŞ-nyň hökümet ulgamlaryna, şol sanda Maliýe we Söwda edaralaryna girdi we bir aýlap dowam eden global kibernetik kampaniýanyň çäginde beýleki hökümetleri hem esasy kompaniýalary hem nyşana aldy.

Milli howpsuzlyk geňeşiniň metbugat sekretary Jon Ullyot 13-nji dekabrda eden çykyşynda hökümetiň "bu ýagdaýa degişli bolup biljek ähli meseleleri ýüze çykarmak we çözmek üçin zerur çäreleri görýändigini" aýtdy.

Düzgün bozma barada ilkinji bolup "Reuters" agentligi habar berdi. Bu mesele bilen tanyş resmiler hakerleriň Maliýe ministrliginiň we Söwda ministrliginiň internet we telekommunikasiýa syýasaty üçin jogapkär gullugyny nyşana alandygyny aýdypdyr.

Beýleki döwlet edaralaryna hem zyýan ýetirilen bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar. Reuters we "Waşington Post" ABŞ-nyň resmilerine salgylanyp, häzirki wagtda hüjümiň arkasynda rus hökümet hakerleriniň bardygyna ynanýarlar.

Resmiler nyşana alnan döwlet edaralarynda içerki elektron poçta traffigine içalyçylyk eden rus hakerleriniň eden düzgün bozmalarynyň birnäçe aý bäri dowam edip, diňe şu wagt ýüze çykarylan bolmagynyň ähtimaldygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG