Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyban söweşijileri azyndan 10 owgan harbysyny öldürdi


Owganystanyň Gunduz welaýaty

"Talybanyň" söweşijileri Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynda owgan howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 10 agzasyny öldürdi. Bu partlama resmileriň 14-nji dekabrda hökümetiň geljek aýda parahatçylyk gepleşikleriniň gaýtadan başlanjakdygyny habar beren wagtyna gabat geldi.

Hüjüm welaýatyň Ymam Sahib etrabynda boldy diýip, ýerli geňeşçiler Gulam Rabbani we Aminullah Aýdin aýtdylar.

Heläk bolanlaryň sekizisi polisiýa işgäri, ikisi esgerdi. Resmiler ýaralananlaryň sanynyň dessine elýeterli däldigini aýtdylar.

Gunduz soňky ýyllarda iki gezek "Talybanyň" gözegçiligine geçipdi.

Sentýabr aýyndan bäri Owganystanyň hökümeti we "Talybanyň" wekilleri ýurtda onlarça ýyl bäri dowam edýän urşy tamamlamagy maksat edinýän parahatçylyk gepleşikleri geçirýärler.

Katarda geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerine garamazdan, Owganystandaky zorluklar dowam edýär. Ýurduň dürli künjeklerinde yzygiderli çaknyşyklar, Kabulda bomba we raketa hüjümleri amala aşyrylýar.

14-nji dekabrda Owganystanyň hökümeti uruşy bes etmek boýunça gepleşiklerini dowam etdirmegiň esasy düzgünleri barada ylalaşyga gelnenden soň arakesme alyp, gepleşikleriň indiki aýyň başynda dowam etdiriljekdigini habar berdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG