Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Baýdeniň ýeňşini gutlady


Şol döwür ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden we şol döwür Russiýanyň premýer-ministri Wladimir Putin. 2011-nji ýylyň 10-njy marty.
Şol döwür ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden we şol döwür Russiýanyň premýer-ministri Wladimir Putin. 2011-nji ýylyň 10-njy marty.

ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryndan alty hepde soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin onuň netijesi bilen bagly dymyşlygyny bozdy we Joe Baýdeni (Joe Biden) ses berişlikde ýeňiş gazanmagy bilen gutlady. Putiniň bu çykyşy ABŞ-nyň Saýlaw kollegiýasynyň Demokratik bäsdeşiň ýeňiji bolandygyny tassyklamagynyň yzýanyna gabat geldi.

15-nji dekabrda Kremliň websaýtynda çap edilen maglumata görä, Putin Baýdene iberen hatynda iki ýurduň “tapawutlary aýyryp, häzirki wagtda dünýäniň ýüzbe-ýüz bolýan köp meselelerini we kynçylyklaryny çözmäge hakykatdanam goldaw berip biljekdigine” umyt bildirdi.

Putin Baýdene üstünlik arzuw edip, “Öz gezegimde, siziň bilen hyzmatdaşlyga we aragatnaşyklara taýýar” hem diýdi.

Putiniň metbugat wekili rus prezidentiniň Baýdeniň ýeňşi resmi taýdan yglan edilmezden öň, ony gutlamakdan çekinendigini aýtdy.

Saýlaw kollegiýasy tarapyndan 14-nji dekabrda geçirilen ses berişlikde Baýden sesleriň 306-syny, Tramp 232-sini aldy. Bu netije öňki wise-prezident Baýdeniň 3-nji noýabrda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanandygyny resmi taýdan tassyklady.

XS
SM
MD
LG