Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz prezidenti Makronda koronawirus ýüze çykaryldy


Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron
Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron “COVID-19-a pozitiw diagnoz görkezdi” diýip, fransuz prezidentiniň resmi websaýtynda maglumat berilýär.

42 ýaşly Makronyň “ýedi gün möhlet bilen özüni üzňeleşdirjekdigi”, şeýle-de “işlemegini gaýybana dowam etdirjekdigi” aýdylýar.

Fransiýa koronawirus pandemiýasyndan has köp zyýan çeken ýurtlaryň biri boldy. Fransiýada wirus bilen kesellän 2,4 million adam ýüze çykaryldy, şeýle-de ondan 60 müň töweregi adam öldi.

Ozalky bank işgäri Makron 2017-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

XS
SM
MD
LG