Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa sanjymy giňden ulanmagy tassyklady, ABŞ ikinji sanjyma ýol arçaýar


ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pens Pfizer-BioNTech COVID-19 sanjymyny alýar. Waşington, 18-nji dekabr, 2020
ABŞ-nyň wise-prezidenti Mike Pens Pfizer-BioNTech COVID-19 sanjymyny alýar. Waşington, 18-nji dekabr, 2020

Şweýsariýa 19-njy dekabrda Pfizer/ BioNTech sanjymyny giňden ulanmaga ygtyýar beren soňky milli derman düzgünleşdiriji boldy, ýöne bu tassyklamanyň Şweýsariýany dünýäde COVID-den goranmak üçin adatdan daşary däl ýagdaýda sanjym ulanmaga ýol açan ilkinji ýurt ednedigini aýtdy.

Öňki milli tassyklamalaryň ählisinde - 2-nji dekabrda dünýäde ilkinji bolup Pfizer sanjymyny ulanmaga başlan britan häkimiýetlerinden başlap, ABŞ-ny we belekileri goşmak bilen, wirusa garşy göreş üçin ýörite wagtlaýyn ygtyýarnama berildi.

Şweýsariýanyň derman düzgünleşdirijisi dokumentleriň “gaýta-gaýtda gözden geçirilmegi” netijesinde, Pfizer sanjymynyň dürli ýaş toparlarynda ýedi gün soňra edilen ikinji sanjymyň 90 göterimden gowrak gorag mümkinçiligini berýändigini aýtdy.

Täze koronawirus 76 milliona golaý adama ýokaşdy we dünýäde 1,7 million adamy öldürdi.

Russiýa awgustda anti-COVID-19 sanjymyny tassyklan ilkinji ýurt boldy, ýöne bu iş giň gerimli barlag geçirilmezden edildi we saglyk hünärmenleriniň köpüsi oňa şübheli garady.

Hytaý gyssagly ýagdaýda ulanmak üçin üç sany içerki sanjymy tassyklady.

Moderna tarapyndan öndürilen koronawirus sanjymy 18-nji dekabrda, Pfizer we BioNTech sanjymyny tassyklandan bir hepde soň, ABŞ-da adatdan daşary ýagdaýda, gyssagly ulanmak ygtyýarnamasyny alan ikinji sanjym boldy.

XS
SM
MD
LG