Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro ylalaşygynyň agzalary ABŞ-nyň täzeden goşulmak mümkinçiliklerine taýýarlanýar


Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas: “Biz häzir çatrykda durus”
Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas: “Biz häzir çatrykda durus”

2015-nji ýyldaky Ýadro şertnamasyna ygrarly bolup galýan taraplar ABŞ-nyň bu ylalaşyga gaýtadan goşulmak mümkinçiliklerine taýýarlyk görýärler.

20-nji ýanwarda häkimiýet başyna geçmeli saýlanan-prezident Jo Baýden bu ylalaşyga ýaňadandan goşulmaga synanyşjakdygyny aýtdy. Ýadro ylalaşygy Baýdeniň wise-prezident bolan döwri baglaşylypdy.

21-nji ýanwarda ylalaşyga agza döwletleriň, ýagny Germaniýanyň, Fransiýanyň, Britaniýanyň, şeýle-de Russiýanyň, Hytaýyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň onlaýn maslahatyndan soňra, olar ABŞ-nyň ýadro ylalaşyga dolanmak meselesine “oňaýly garamaga” taýýardyklaryny aýtdylar.

Ýaýradylan beýanatda “ministrler ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmagyna çuňňur gynançlaryny ýene bir gezek tekrarladylar”.

2018-nji ýylda prezident Donald Tramp ABŞ-ny Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan, şeýle-de Eýrana garşy sanksiýalary girizeninden soňra, E3 diýlip hem atlandyrylýan Ýewropanyň üç ýurdy bu ylalaşygy saklap galmak ugrunda tagalla etdiler.

Muňa jogap edip, Eýran urany baýlaşdyrmak boýunça ylalaşykda görkezilen çäkleri bozup başlady. Tähran eger-de Birleşen Ştatlar we E3 döwletleri ylalaşykda bellenilşi ýaly, ykdysady ýeňillikleri üpjün etseler, onda özüniň şertnamada kesgitlenen çäklere dolanjakdygyny aýtdy.

Baýden eger-de Eýran ylalaşygyň şertlerini berjaý etse, onda oňa gaýtadan goşulyp biljekdigini aýtdy. Ol alada döredýän beýleki meseleleriň, şol sanda Eýranyň ballistik raketalary we ýerli proksileri goldamak meseleleriniň “dowam etjek” ylalaşyklaryň dowamynda serediljekdigini belledi.

Eýran özüniň raketa programmasynyň we sebit syýasatynyň gün tertibinde däldigini aýdyp, Waşingtonyň we E3 döwletleriniň ilki bilen ýadro şertnamasynyň şertlerini ýerine ýetirmelidigini aýtdy.

“Täzeden ylalaşmak barada gürrüň bolup bilmez” diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif ministrleriň maslahatyndan soň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol Eýranyň täze ylalaşyga razy bolmajakdygyny duýdurdy.

ÝB-niň daşary işler ministrleri has çylşyrymly we jedelli meseleleri goşmazdan ozal, ilkinji nobatda ýadro şertnamasynyň galan bölegini saklap galmaly diýen pikirden ugur alyp hereket edýäne meňzeýär.

“Biz häzir çatrykda durus” diýip, Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas žurnalistlere aýtdy. Ol ylalaşygyň geljekki ykbalynyň öňümizdäki hepdeleriň we aýlaryň dowamynda kesgitlenjekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG