Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wirusyň täze ştammy baradaky aladalar baýramçylyk möwsümine kölege salýar


Ýüzi gorag maskaly Santa Klausyň keşbi
Ýüzi gorag maskaly Santa Klausyň keşbi

Dünýäde koronawirusa ýolugýanlaryň sanynyň gürelmegi bilen, resmiler adamlary Roždestwo we Täze ýyl baýramçylyklarynda üýşmeleňleri gurnamazlyga çagyrdylar. Dünýäde ýüzlerçe million adam çäklendirmeleriň astynda ýaşaýan wagty, waksinalaryň köpelmegi umytlara ýol açýar.

Britaniýada wirusyň has aňsatlyk bilen ýokuşýan täze ştammy sebäpli bildirilýän aladalaryň arasynda, Günorta Afrika döwletinde hem wirusyň mutasiýadan geçen täze bir görnüşiniň üsti açyldy. Munuň hem asyl wirusa garanyňda, has aňsatlyk bilen adamdan adama geçýändigi bellenilýär.

23-nji dekabrda Ýewropa döwletleriniň käbiri, täze wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maskady bilen, Britaniýa girizilen syýahat çäklendirmelerini gowşadyp başladylar. Şol bir wagtda, syýahatçylardan negatiw testler talap edilýär.

Britaniýa Günorta Afrikada koronawirusyň täze görnüşiniň ýaýrap başlamagy bilen, bu ýurtdan gelýänlere syýahat çäklendirmelerini girizdi.

Günorta Afrikanyň saglyk ministri adamlaryň koronawirusa “aladandyryjy derejede” ýolugýandygyny aýdyp, geçirilen testleriň 26%-niň pozitiw netije görkezýändigini nygtady.

Wirusyň Britaniýadaky täze görnüşi ýaly, Günorta Afrikada tapylan wirusyň täze ştammynyň hem has heläkçiliklidigi ýa-da waksinalaryň onuň öňüni alyp bilmeýändigi barada deliller ýok.

Mutasiýadan geçen wirusyň täze görnüşleri, has az gerimde, käbir beýleki döwletlerde hem peýda boldy.

XS
SM
MD
LG