Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda gar ýagýar, sürüjilere seresap bolmak ýatladyldy, jaýlar sowaýar


Aşgabat. Arhiw suraty
Aşgabat. Arhiw suraty

Aşgabatda yzyny üzmän gar ýagýar, ýollar gardan arassalanmaýar diýip, Azatlygyň türkmen paýtagtyndaky habarçylary habar berýär.

Aşgabatlylaryň käbiri öten agşam arçalaryň pürli şahalaryny aşak eger garly howada daşaryk çykyp, parklarda bir-birini surata düşürdiler we bu şekilleri sosial ulgamlardaky dostlary bilen paýlaşdylar.

Şu aralykda awtoulag sürüjileri üçin ýatlatma hem peýda boldy: “Hormatly sürüjiler! Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen, ýollarda döreýän sürçek zerarly, sürüjileriň awtoulaglary seresap dolandyrmalydygyny ýatladýarys!” diýip, PÝGG-nyň bildirişinde aýdylýar.

Köçelere düşen gar zerarly, awtoulaglar zordan hereket edýär, eger ertir hem şeýle ýagyn bolsa, ýollardaky ýagdaý has agyrlaşar.

Şu aralykda Aşgabadyň Parahat-2 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary işini haýallatdy, jaýlaryň otaglary sowuk diýip, Aşgabatdaky habarçy aýtdy.

Şeýle-de habarçy ýene köp ýerde, Parahat 3-de, 11-nji etrapçada... ýyladyşyň ýokdugyny aýtdy.

Ýaşaýjylar hemişe ýarylýan ýerasty turbalary bejerýän işçilere gynanýarlar. Olar käte turba deşiklerini agaç dykyp saklajak bolýar diýip, habarçy öňki ýyllardaky agyr ýagdaýyň bu ýylam gaýtalanýandygyny gürrüň berdi.

“Biz könäni köne bilen çalyşýarys, täze turba-da, enjam-da ýok” diýip, Aşgabadyň ýyladyş edarasynyň işgärleri özleriniň ellerinden gelenini edýändiklerini, geçirijileriň ählisiniň könedigini aýdýarlar.

Türkmen mediasy adatça agyr düşen gar, suw joşmalary we ilat üçin dörän kynçylyklar barada wagtynda habar bermeýär.

XS
SM
MD
LG