Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň premýer-ministri irki saýlawlara razylyk yşaratyny edýär  


Premýer-ministr Nikol Paşinýan
Premýer-ministr Nikol Paşinýan

Ermenistanyň basyş astyndaky premýer-ministri ilkinji gezek irki parlament saýlawlaryny geçirmäge taýýardygyny görkezýän yşarat etdi. Oppozisiýa toparlary onuň Azerbaýjan bilen bolan alty hepdelik söweş wagtyndaky emelsizligi sebäpli işinden çekilmegini talap edýärler.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan 25-nji dekabrda işinden çekilmegi barada edilýän çagyryşlary ýene bir gezek ret etdi, ýöne ol Ermenistanyň öňdebaryjy syýasy toparlary bilen 2021-nji ýylyň dowamynda bir ýerlerde irki saýlaw geçirmek barada gepleşmegi teklip etdi.

2018-nji ýylda tutuş ýurt boýunça geçirilen protestler netijesinde häkimiýet başyna gelen Paşinýan Facebookda, “diňe adamlar şeýle karara gelseler, özüniň premýer-ministr wezipesinden el çekmäge taýýardygyny” aýtdy.

Ol ermeni güýçleri Dagly-Garabagyň töwereginde we içinde alty hepde dowam eden gazaply söweşlerde azeri güýçlerinden ýeňlenden soň, Orsýetiň araçylyk etmeginde baglaşylan ýaraşyga razy bolaly bäri tankyt edilýär.

16 oppozisiýa partiýasyny özüne birleşdirýän koalisiýa Paşiniany häkimiýeti wagtlaýyn hökümete tabşyrmaga mejbur etmek maksady bilen Ýerewanda we ýurduň beýleki ýerlerde hökümete garşy demonstrasiýa geçirdi.

Paşinýan irki saýlawlary geçirmäge taýýardygyny görkezmek bilen, syýasy dartgynlygy gowşatmaga, şol bir wagtyň özünde-de saýlaw prosesine gözegçilik etmek mümkinçiligini özünde galdyrmaga synanyşýar. Şu sebäpden ol syýasy garşydaşlarynyň ses berişligiň adalatsyz bolup biljekdigi barada aýdanlaryny hem ret edýär.

XS
SM
MD
LG