Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

 Özbegistandaky bent betbagtçylygy potratçylaryň geleňsizliginden görülýär


Sardoba heläkçiligi. Bu waka netijesinde alty adam öldi, 70,000 ýaşaýjy ewakuasiýa edildi.
Sardoba heläkçiligi. Bu waka netijesinde alty adam öldi, 70,000 ýaşaýjy ewakuasiýa edildi.

Özbegistanyň Ýokary kazyýeti 25-nji dekabrda şu ýylyň başynda ýarylan uly bent meselesinde geleňsizlikde we howpsuzlyk düzgünlerini bozmakda günäkärlenýän sekiz adama garşy jenaýat seljermelerine başlady.

Özbegistanyň gündogaryndaky Sardoba suw howdanyndaky gum bilen doldurylan bent maý aýynda ýykylyp, Özbegistanda we goňşy Gazagystanda suw joşmagyna sebäp boldy. Bu waka netijesinde alty adam öldi, 70,000 ýaşaýjy ewakuasiýa edildi.

Sardoba suw howdany şol wagtky premýer-ministr, häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewiň gözegçiliginde başlanan ýedi ýyllyk gurluşyk taslamasy bolup, 2017-nji ýylda tamamlandy.

Ýokary kazyýetde seredilýän kazyýet işine sekiz potratçy, şol sanda Tupalang kanallarynyň başlygy Bagşullo Asadow gatnaşýar. Ol we Özbegistanyň milli demir ýol kompaniýasynyň potratçylary galplykda, geleňsizlikde we gurluşyk kanunlaryny bozmakda günäkärlenýär.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy kazyýet işiniň, näme üçindir, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýändigini habar berdi. Kanun boýunça, döwlet syrlary ýa-da jynsy jenaýatlar bolmasa, ähli jenaýat işi hemmeler üçin açyk bolmaly.

XS
SM
MD
LG