Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan we Pakistan media işgärleri üçin 'iň howply' ýurtlaryň arasynda galýar


“Serhetsiz reportýorlar” (RSF) guramasy şu ýyl žurnalistika işi sebäpli 50 adamyň öldürilendigini, Owganystanyň we Pakistanyň metbugat hünärmenleri üçin iň howply ýurtlaryň arasynda galýandygyny aýdýar.

Dünýäde öldürilen şol žurnalistleriň aglaba köplügi korrupsiýa, guramaçylykly jenaýat ýa-da daşky gurşaw meseleleri ýaly temalary derňändikleri üçin bilkastlaýyn öldürildi diýip, düýbi Parižde ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň 29-njy dekabrda çap eden hasabatynda bellenilýär.

Ýedi metbugat işgäri demonstrasiýalar barada habar berýän mahaly öldürildi.

Umuman alanyňda, soňky on ýylda žurnalistika işi sebäpli öldürilenleriň sany azyndan 937 adama barabar boldy.

1995-nji ýyldan bäri bütin dünýäde žurnalistlere garşy edilýän zorluklar barada ýyllyk maglumatlary ýygnaýan gurama şu ýyl öldürilenleriň 84 göteriminiň bilkastlaýyn nyşana alnandygyny aýtdy. Bu görkeziji 2019-njy ýylda 63 göterime deňdi.

Gurama şu ýyl öldürilen žurnalistleriň umumy sanynyň 2019-njy ýyldaky görkezijiden, ýagny 53-den az bolandygyny, ýöne şu ýyl koronawirus pandemiýasy sebäpli wakanyň bolýan ýerlerinde az žurnalistiň işländigini hem aýtdy.

Maglumata görä, Meksika metbugat işgärleri üçin iň howply ýurt bolmagynda galýar. Bu ýurtda şu ýyl sekiz adam öldürildi. Hususan-da, neşe gaçakçylary bilen syýasatçylaryň arasyndaky baglanyşygy öwrenýänler we derňeýänler howp astynda bolmagynda galýar.

Beýanata görä, şu ýyl Yrakda alty metbugat wekili öldürildi. Munuň bilen bagly hiç kim jezalandyrylmady ýa-da çynlakaý derňelmedi. Olaryň üçüsi protestler barada maglumat taýýarlaýan mahaly, näbelli ýaragly adamlar tarapyndan kellesine atylan ok bilen öldürildi.

Owganystanda-da bäş metbugat işgäriniň öldürilmegine sebäp bolanlar näbelli bolmagyna galýar. RSF soňky aýlarda owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň dowam edýändigine garamazdan, ýurtda metbugat işgärlerine garşy gönükdirilen hüjümleriň köpelendigini aýtdy.

Dekabr aýynda “Enikas TV” teleýaýlymynyň alyp baryjysy we Owganystanyň Aýal žurnalistleri goramak baradaky merkeziniň (CPAWJ) wekili Malalai Maiwand Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabad şäherinde “jezalandyryş usuly bilen öldürildi”.

Başga-da dört žurnalist awtoulag bombalarynda we partlamalarynda öldürildi. Olaryň arasynda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugy – Radio Azadi – üçin işlän Muhammet Ilýas Daýi hem bar.

2020-nji ýylda Pakistanda we Hindistanda öldürilen žurnalistleriň sany dörde barabar boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG