Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenhowaýollary” halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaltdy


Türkmen uçaryna münmäge barýan ýolagçylar. Arhiw suraty
Türkmen uçaryna münmäge barýan ýolagçylar. Arhiw suraty

“Türkmenhowaýollary” halkara uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 31-nji ýanwara çenli uzaldýar diýip, “Türkmenportal” neşiri habar berýär.

Hökümetçi neşir bu maglumaty “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýa Federasiýasyndaky edarasyna salgylanyp çap etdi.

Mundan öň uçar gatnawlarynyň ýatyrylan möhleti 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldylypdy.

Milli awiakompaniýa halkara uçar gatnawlarynyň togtadylan möhletini 2021-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltmagynyň sebäbini COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy bilen düşündirýär.

Ozal satyn alnan biletler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket edýär, ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň biletlerini islendik uçuş üçin çalşyp biler diýip, habarda aýdylýar.

Şu aralykda Atavatan Türkmenistan neşiri hem uçar gatnawlary barada habar çap etdi we, Türkiýäniň milli awiasiýa kompaniýasynyň (THY) maglumatlaryna salgylanyp, Aşgabat- Stambul uçar gatnawynyň 2-nji ýanwardan başlanýandygyny, şondan soň hepdede 5 uçuşyň amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Ýöne neşir THY-nyň resmi saýtynda öňem birnäçe gezek şeýle mazmunly maglumatyň ýerleşdirilendigini, ýöne uçuşlaryň amala aşyrylmandygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG