Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-yň žurnalistleri ABŞ-nyň Global Media agentliginiň başlygyny “garaşsyzlygy gysmakda” aýyplaýarlar


Birleşen Ştatlaryň Global Media agentliginiň başlygy Maýkl Pak
Birleşen Ştatlaryň Global Media agentliginiň başlygy Maýkl Pak

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň 23 gullugyna ýolbaşçylyk edýän ýokary derejeli redaktorlar habar guramasyna gözegçi agentligiň başlygyna protest hatyny ugradyp, ony ikipartiýaçy ýörelgeden “görlüp-eşidilmedik derejede uzaklaşmakda” we “özüne ynanylan habar guramasynda garaşsyzlygy gysmakda” aýypladylar.

Şeýle-de, hat ABŞ-nyň Global Media agentliginiň başlygy Maýkl Paky (Michael Pack) saýlanan prezident Jo Baýdeniň ýanwarda prezidentlige kasam kabul etmeginiň öňüsyrasynda, “ABŞ-nyň ýeke syýasy partiýasy üçin iň soňky pursatda AÝ/AR-a gözegçiligi saklap galmak tagallalarynda” aýyplady. Pak prezident Donald Tramp tarapyndan wezipä hödürlenipdi we onuň wezipesi respublikanlaryň gözegçiligindäki Senat tarapyndan iýun aýynda tassyklanypdy.

30-njy dekabrda ýazylan we AÝ/AR-yň ýedi agzalyk redaksion geňeşi hem-de dil gulluklarynyň direktorlarynyň köpüsi tarapyndan gol çekilen hat, şol bir wagtyň özünde, Senatyň hem-de Wekiller öýüniň ýolbaşçylaryna, iki partiýanyň kanun çykaryjylaryna, Baýdeniň Global Media agentligi boýunça geçiş toparynyň başlygyna iberildi.

CNBC kanalyna beren kommentariýasynda Pak haty “nätakyklyklar bilen doldurylan” diýip häsiýetlendirdi.

“Guramanyň erkinligini syýasy täsiriň howpy astynda goýmak üçin synanyşyk edilmedi” diýip, ol aýtdy. “Munuň tersine, meniň gören çärelerimiň ählisi ABŞ-nyň Global Media agentliginiň missiýasyny ýerine ýetirmek üçin maňa kongres tarapyndan berlen jogapkärçilige we borçnamalara esaslandy” diýip, Pak aýtdy.

XS
SM
MD
LG