Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystanda bir žurnalist Täze ýyl gününde atylyp öldürildi


Adel Aýmak

1-nji ýanwarda Owganystanyň günbatarynda bir žurnalist näbelli ýaragly adamlar tarapyndan atylyp öldürildi diýip, Gor welaýatynyň häkiminiň orunbasary aýtdy.

Žurnalist Bismillah Adel Aýmak Puşta Gazak diýilýän ýerde öldürildi we bu jenaýat boýunça derňew geçirilýär diýip, häkimiň orunbasary Azizullah Radmaniş Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.

Bu soňky iki aýda Owganystanda öldürilen bäşinji žurnalist bolýar. Aýmak Ghor Ghag radiosynyň dolandyryjy müdiri we welaýatda raýat jemgyýeti aktiwisti hökmünde tanalýardy diýip, Radmaniş aýtdy.

Ol ýakynda Facebookda öýüniň we awtoulagynyň oka tutulandygyny we bu wakany howpsuzlyk işgärlerine habar berendigini aýtdy.

1-nji ýanwarda hüjüm Aýmagyň golaýdaky obada ýaşaýan maşgalasyna baryp, welaýatyň paýtagty Feroz Kohdaky öýüne gaýdyp barýarka, ýaragly adamlaryň awtoulagyny oka tutmagy esasynda amala aşyryldy.

Kast ediş hüjüminiň jogapkärçiligini bada-bat öz üstüne alan tapylmady.

Owgan hökümeti adatça şuňa meňzeş ganhorlyklary “Talyban” toparyndan görýär.

AP habar gullugynyň habaryna görä, “Talyban” toparynyň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid gozgalaňçylaryň bu hüjüm bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny aýtdy.

“Serhetsiz reportýorlar” atly halkara metbugat azatlygy topary (RSF) Owganystany žurnalistler üçin dünýäde iň howply ýurt diýip atlandyrdy.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG