Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaragly adamlar Pakistanda magdançylara hüjüm edip, 11 hazarany öldürdi


Kweta görnüşi. Bezeg suraty
Kweta görnüşi. Bezeg suraty

Ýaragly adamlar Bulujystan welaýatynyň günorta-günbataryndaky şaýy azlygynyň, hazara kömür magdançylarynyň bir toparyny alyp gaçyp, 11 adamy öldürdi diýip, resmiler 3-nji ýanwarda aýtdy.

“Öten agşam edilen hüjümde azyndan 11 magdançy ölürildi” diýip, ýerli polisiýanyň metbugat wekili Nur Ullah aýtdy.

Harbylaşdyrylan “Lewi” güýçleriniň resmisi Moazzam Ali Jatoý bu hüjümiň welaýat paýtagty Kwetanyň 48 km (30 mil) gündogarynda ýerleşýän Maç kömür ýatagynyň golaýynda bolandygyny aýtdy.

Jatoý ýaragly adamlaryň kömür magdançylaryny ýakyndaky daglyga alyp gidendiklerini we şol ýerde olary oka tutandyklaryny aýtdy.

Ol magdançylaryň altysynyň şol ýerde ölendigini, agyr ýaralanan bäş adamyň bolsa keselhana barýan ýolda jan berendigini hem sözüne goşdy.

Deslapky derňewiň netijeleri hüjümçileriň magdançylaryň şaýy hazara jemgyýetinden bolandygyny anyklap, olary ölüm jezasyna höküm edendigini, beýlekilere bolsa degmändigini görkezdi diýip, Jatoý gürrüň berdi.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Şaýy etniki hazara azlyklarynyň agzalary Owganystanda we Pakistanda ekstremist “Yslam döwleti” (YD) ýaly sünni söweşiji toparlary tarapyndan nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG