Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pentagonyň öňki başlyklary häkimiýetiň parahatçylykly geçişine çagyrdy


ABŞ-nyň öňki goranmak sekretary Çak Hagel
ABŞ-nyň öňki goranmak sekretary Çak Hagel

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň öňki ýolbaşçylary Pentagony häkimiýetiň parahatçylykly geçişine çagyrdylar we geçişe ABŞ harbylarynyň gatnaşmagynyň howpy barada duýduryş berdiler.

Pentagonyň öňki baştutanlary, şol sanda prezident Donald Tramp tarapyndan bellenen iki adam öz garaýyşlaryny "Waşington Post" gazetinde 3-nji ýanwarda çap edilen maglumatda beýan etdiler.

Beýanatda ABŞ-da geçirilen saýlawlar we häkimiýetiň parahatçylykly geçişi "demokratiýamyzyň alamatlary" diýilýär we Pentagonyň häzirki başlygyna Trampyň prezident bolup galmak ugrundaky tagallalarynda rol oýnamazlyga çagyryş edildi.

Robert Geýtsiň, Çak Hageliň, Jeýms Mattisiň we Mark Esperiň beýanatynda ABŞ-nyň saýlaw dawalaryny çözmäge ýaragly güýçlerini çekmek baradaky synanyşyklar “howply, bikanun we konstitusiýa garşy çäklere alyp barjakdygy” aýdylýar.

Şeýle hem, olar 3-nji noýabrda geçirilen saýlawlaryň netijelerini sorag astyna almagyň wagtynyň geçendigini aýtdylar we birnäçe günüň içinde saýlawlaryň sesleriniň täze Kongres tarapyndan resmi taýdan tassyklanjakdygyny nygtadylar.

Mattis we Esper Tramp tarapyndan bellenipdi.

XS
SM
MD
LG