Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň sudy Assanjy ABŞ-a ekstradisiýa etmekden ýüz öwürdi


“WikiLeaks”-iň esaslandyryjysy Julian Assanj. London, 13-nji ýanwar, 2020
“WikiLeaks”-iň esaslandyryjysy Julian Assanj. London, 13-nji ýanwar, 2020

Britaniýanyň sudy “WikiLeaks”-iň esaslandyryjysy Julian Assanjy ekstradisia etmek barada ABŞ-nyň talabyny ret etdi.

“WikiLeaks”-iň esaslandyryjysy Julian Assanjyň ABŞ-nyň gizlin harby dokumentlerini çap edilmegi sebäpli sud işine çekilmegi üçin ekstradisiýa edilip-edilmezligi meselesine 4-nji ýanwarda Londonda seredildi

Britaniýanyň sudy öz karary barada aýdyp, ekstradisiýanyň Assanja ruhy saglygy sebäpli "ejir" boljakdygyny öňe sürdi.

ABŞ-nyň prokurorlary Assanjy içalyçylykda we gizlin kompýuter maglumatlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplady. Assanj 2010-njy ýylda ABŞ-nyň Yrakdaky we Owganystandaky harby ýalňyşlyklaryny paş eden ABŞ-nyň gizlin harby resminamalarynyň Wikileaks tarapyndan çap edilmegi sebäpli günäkärlendi.

49 ýaşly Assanj, 2012-nji ýyldan bäri gaçybatalga beren Ekwadoryň ilçihanasyndan 2019-njy ýylyň aprelinde çykarylandan soň ABŞ-nyň haýyşy boýunça Londonda tussag edilipdi.

Assanjyň aklawçylary oňa garşy aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny, metbugat azatlygyny bogýandygyny we bütin dünýäde žurnalistleri howp astyna salýandygyny aýdýarlar.

ABŞ hökümetiniň adyndan çykyş edýän aklawçylar bolsa, Assanjy goraýan topar tarapyndan gozgalan meseleleriň ähmiýetli diýlip, kabul edilip bilinmejekdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG