Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: saýlawlaryň öňýany ses berijileri gorkuzmak baradaky aýyplamalar derňelýär


Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Sadyr Japarow. Tokmok, 30-njy dekabr, 2020
Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesine dalaşgär Sadyr Japarow. Tokmok, 30-njy dekabr, 2020

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy bir jemgyýetçilik guramasynyň, ýakyn wagtda geçiriljek prezident saýlawynda Sadyr Japarowa ses berilmese, zorluk görkeziljegi barada bir etrapdaky ýaşaýjylara haýbat atylandygy baradaky şikaýatyndan soň derňew işine başlady.

Saýlaw komissiýasy, "Jalpy Iş" toparynyň soňky günlerde Oşyň günortasyndaky Kara-Suu etrabynda saýlawçylary gorkuzmak baradaky hasabatyna esaslanýandygyny aýtdy. Onda adamlaryň öýme-öý aýlanyp, 10-njy ýanwarda Japarowa ses bermelidigini, bolmasa, zorluk görkezmek bilen haýbat atandyklary aýdylýar.

Şeýle hem Merkezi saýlaw komissiýasy bu waka barada Merkezi Aziýa ýurdunyň Içeri işler ministrligine we Baş prokuraturasyna habar berendigini aýtdy.

Aýdylan waka barada Japarowdan hiç hili çykyş bolmady.

Irki prezident saýlawlaryna, parlament saýlawlarynyň netijeleri sebäpli oktýabr aýynyň başynda bolup geçen köpçülikleýin nägilelikleriň netijesinde hökümetiň we prezident Sooronbaý Jeenbekowyň iş başyndan çekilmeginden soňky syýasy krizis döwründe çagyryldy.

Oktýabr aýyndaky başagaýlyk döwründe türmeden boşadylan Japarow kanun çykaryjylar tarapyndan premýer-ministr saýlandy we prezidentiň ygtyýarlyklaryny aldy. Japarow türme tussaglygyna öz syýasy garşydaşyny alyp gaçandygy sebäpli tussag edilipdi.

Noýabr aýynyň ortalarynda Japarow prezidentlige dalaş etmek üçin prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji we premýer-ministr wezipelerinden çekildi.

10-njy ýanwarda geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin 17 kandidat hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG