Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa täze petikleme yglan etdi, waksina paýlamak işleri kynçylyklara sezewar bolýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Britaniýa koronawirusyň ýaýramagyny gözegçilik astynda saklamak üçin ýurt boýunça üçünji gezek petikleme yglan etdi. Germaniýanyň ýurtda dowam edýän petiklemeleriň möhletini 5-nji ýanwardan ýene uzaltmagyna garaşylýar. Bu iki ýurtda we beýleki ýerlerde COVID-19 wakalary we ölümleri ýokarlanmaga dowam edýär.

Britan premýer-ministri Boris Jonson täze petiklemäni yglan edip, onuň azyndan fewralyň ortalaryna çenli öz güýjünde galjakdygyny aýtdy. Jonson häzirki wagtda keselhanalaryň, COVID zerarly pandemiýa başlanaly bäri geçen döwür bilen deňeşdirilende, has agyr basyşlar bilen ýüzbe-ýüz galýandygyny aýtdy.

Täze petiklemeler, ýurt koronawirusyň täze we has ýokanç görnüşi bilen göreşýän mahaly, Kristmas we Täze ýyl baýramçylyklyklarynyň öňüsyrasynda berjaý edilen has berk çäklendirmelere garamazdan girizildi.

German kansleri Angela Merkeliň hem-de ýurt ýolbaşçylarynyň 5-nji ýanwarda geçirjek ýygnagyndan soň, Germaniýanyň hem birmeňzeş çäreler bilen Britaniýa eýermegine garaşylýar.

Britaniýada petiklemeleriň wagtynyň uzaldylmagy ýurduň ilkinji bolup, Oksford uniwersiteti we “AstraZeneca” tarapyndan taýýarlanan COVID-19 waksinalaryny ulanmaga başlan gününe gabat geldi.

XS
SM
MD
LG