Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýa we ABŞ Eýrandan Hormuz bogazynda ele salnan tankeri boşatmagy talap edýär


Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň gaýygy Hormuz bogazynda Britaniýanyň "Stena Impero" gämisiniň gapdalyndan geçip barýar. Arhiw suraty.
Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň gaýygy Hormuz bogazynda Britaniýanyň "Stena Impero" gämisiniň gapdalyndan geçip barýar. Arhiw suraty.

Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlary Hormuz bogazynda eýran häkimiýetleri tarapyndan ele geçirilen Günorta Koreýa nebit tankeriniň boşadylmagyny talap etdi.

“Hankuk Çemi” tankeri we onuň 20 adamlyk ekipažy 4-nji ýanwarda “nebit hapaçylygy” aýyplamalary bilen saklandy. Ýarym-resmi “Fars” habar agentligi gäminiň Eýranyň Yslam rewolýusiýa sakçylary tarapyndan ele salnandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Tährany, ykdysady sanksiýalara çykalga tapmak üçin, Pars aýlagynda hereket azatlygyna howp abandyrmakda günäkärledi.

Günorta Koreýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýakyn günlerde Tährana sapar etmegine garaşylýar. Eýran Günorta Koreýadan ABŞ sanksiýalary sebäpli doňdurylan milliardlarça dollaryň boşadylmagyny talap edýär.

Gäminiň ele salynmagy, geçen ýyl Eýranyň Kuds güýçleriniň komandiri general Kasem Soleýmaniniň Bagdadda ABŞ dron hüjüminde öldürilmeginiň ýyl dönüminde regionda dartgynlylygyň ýokarlanýan wagtyna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG