Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan wekiliýeti “Talyban” bilen gepleşiklere dowam etdirmek üçin Katara barýar


Owgan wekiliýeti "Talyban" bilen gepleşik geçirmek üçin Katara barýar. Arhiw suraty. 11-nji sentýabr, 2020 ý.
Owgan wekiliýeti "Talyban" bilen gepleşik geçirmek üçin Katara barýar. Arhiw suraty. 11-nji sentýabr, 2020 ý.

Owgan hökümetiniň wekilleri Katarda “Talyban” bilen parahatçylyk gepleşikleriniň täze tapgyryny geçirmek üçin Kabuldan ugrady.

Taraplar 20 günlük arakesmeden soň, 5-nji ýanwarda häkimiýeti paýlaşmak gepleşiklerine dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Arakesme ýurtda iki on ýyl töweregi dowam eden uruşlaryň soňuna çykmak tagallalaryna howp abandyrýan ýowuzlygyň we başly-baratlygyň arasynda berildi.

Owganara gepleşikler “Talyban” bilen Birleşen Ştatlarynyň ylalaşmagyndan tas ýedi aý soň, sentýabrda başlady.

Taraplaryň gepleşiklerde möhüm prossesual meseleler boýunça ylalaşmagy üç aý töweregi wagt aldy. Bu ýagdaý gepleşikleri durnukly meseleler boýunça, şol sanda çetin ýaraşyk ylalaşygyny gazanmak ýaly ugurlarda has öňe alyp gitmäge ýol açdy.

Owgan hökümetiniň gepleşik geçiriji topary gepleşikleriň ikinji tapgyry üçin Kataryň paýtagty Doha ugramazdan ozal, ýurtda ylalaşyk prosesini alyp barýan geňeşiň başlygy Abdullah Abdullahyň sözlerine görä, Milli ylalaşyk geňeşi gepleşikler üçin “anyk düzgünleri” mälim etdi.

Abdullah toparyň “parahatçylyk gün tertibini maslahat etmek bilen borçlanýandygyny” aýtdy.

“Talybanyň” Dohadaky syýasy edarasynyň metbugat sekretary Azatlyk Radiosyna özleriniň gepleşikleriň täze tapgyryna gatnaşmaga doly taýýardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG