Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hong Kongda onlarça oppozisiýa wekili tussag edildi


Tussag etmeler geçen ýylyň iýunynda Pekiniň Hong Kongda ornaşdyran howpsuzlyk kanunlarynyň çäklerinde geçirildi.
Tussag etmeler geçen ýylyň iýunynda Pekiniň Hong Kongda ornaşdyran howpsuzlyk kanunlarynyň çäklerinde geçirildi.

Hong Kongda geçen ýyl kabul edilen jedelli milli howpsuzlyk kanunynyň çäklerinde 50 töweregi oppozisiýa wekili tussag edildi.

6-njy ýanwarda tussag edilenleriň iýulda oppozisiýa tarapyndan kanun çykaryjy organa geçirilmeli saýlawlarda iň meşhur dalaşgärleri ýüze çykarmak boýunça gurnan ses berişligi bilen ilteşiklidigi aýdylýar.

Bu tussag etmeler geçen ýylyň iýunynda Pekiniň Hong Kongda ornaşdyran howpsuzlyk kanunlarynyň çäklerinde geçirildi. Bu kanun ençeme aýlap dowam eden demokratik protestlerinden soň kabul edilipdi.

Hong Konguň howpsuzlyk boýunça sekretary ýerli hökümeti “agdarmagy” göz öňünde tutandygy aýdylýan şahsyýetleri ýüze çykarmak ugrunda geçirilen operasiýanyň dowamynda tussag etmeleriň amala aşyrylandygyny öňe sürdi.

Iýulda Hong Konguň kanun çykaryjy organyna dalaşgärleri saýlamak ugrunda oppozisiýanyň geçiren deslapky ses berişligine 600 müňden hem aşa adam gatnaşypdy.

Sentýabrda geçmeli saýlawlar soňy bilen yza süýşürildi. Resmiler muny pandemiýa aladalary bilen düşündirdiler.

XS
SM
MD
LG