Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdeniň Obama döwründe Eýran, Ukraina babatynda iş alyp baran diplomatlary Döwlet departamentinde ýokary wezipelere bellejekdigi aýdylýar


Wiktoriýa Nuland 2013-2017-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi bolup işlän döwri, Ukraina babatynda rus resmileri bilen garpyşypdy.
Wiktoriýa Nuland 2013-2017-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi bolup işlän döwri, Ukraina babatynda rus resmileri bilen garpyşypdy.

ABŞ-nyň saýlanan-prezidenti Joe Baýden Obamanyň administrasiýasy döwründe Eýran we Ukraina meseleleri boýunça iş alyp baran ozalky iki resmini Döwlet departamentinde ýokary wezipelere bellemegi göz öňünde tutýar. Bu barada ABŞ-nyň habar serişdeleri 5-nji ýanwarda maglumat berdiler.

2011-2015-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretarynyň orunbasary bolup işlän döwri ABŞ-nyň Eýran bilen ýadro gepleşiklerine ýolbaşçylyk eden Wendi Şerman döwlet sekretarynyň wezipesine indi girişmeli Antoni Blinkeniň orunbasary bolar.

71 ýaşly Şerman 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygy bilen baglylykda Ýewropada eýran resmileri bilen gepleşikleri geçiripdi. Eger-de Baýden, Trampyň ABŞ-ny 2018-nji ýylda çykaran ýadro ylalaşygyna ýaňadandan goşulmagy saýlap alsa, onda Şermanyň bu gepleşiklere täzeden girişmegi hem mümkin.

Baýdeniň 59 ýaşly Wiktoriýa Nulandy hem Döwlet departamentinde ýokary wezipä bellejekdigi aýdylýar. Nuland 2013-2017-nji ýyllar aralygynda döwlet sekretarynyň Ýewropa we Ýewraziýa meseleleri boýunça kömekçisi bolup işlän döwri, Ukraina babatynda rus resmileri bilen garpyşypdy.

Maglumatlarda Nulandyň döwlet sekretarynyň orunbasary wezipesine bellenjekdigi aýdylýar.

Baýdeniň geçiş toparynyň metbugat wekili habar serişdelerinde çykan bu maglumatlar boýunça kommentariýa bermekden saklandy.

XS
SM
MD
LG