Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen baş diplomaty Kabula sapar eder


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow owgan prezidenti Aşraf Gani bilen gepleşik geçirýär. (arhiw suraty)
Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow owgan prezidenti Aşraf Gani bilen gepleşik geçirýär. (arhiw suraty)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow öňümizdäki hepde Kabula sapar edip, bilelikdäki üç proýektiň açylyş dabarasyna gatnaşar. Bu barada owgan habar serişdeleri maglumat berýär.

Sişenbe güni Owganystanyň daşary işler ministri Hanif Atmar özüniň türkmen kärdeşi bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, söhbetdeşligiň dowamynda iki taraplaýyn gatnaşyklaryň gerimi maslahat edilipdir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda bu söhbetdeşlik we onuň mazmuny barada häzirlikçe habar ýok.

Owgan tarapynyň maglumatyna görä, Meredow 14-nji ýanwarda geçmeli üç proýektiň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Saparyň dowamynda Meredow prezident Aşraf Gani we milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Hamdullah Mohib bilen hem gepleşikleri geçirer.

4-nji ýanwarda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen resmileri bilen Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şeýle-de bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýyny maslahat etdi.

XS
SM
MD
LG