Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ 'maglumat ýygnamak' hüjüminiň arkasynda Orsýetiň duran bolmagy mümkin diýýär


Derňewçiler soňky işjeňlikleriň “has az" müşderä täsir edendigini kesgitlediler.
Derňewçiler soňky işjeňlikleriň “has az" müşderä täsir edendigini kesgitlediler.

Hüjüm martyň başynda, hakerler hökümet we müňlerçe hususy kärhana tarapyndan ulanylýan SolarWinds programma üpjünçiliginiň täzelenmelerine zyýanly kod girizenlerinde başlandy we ilkinji gezek 2020-nji ýylyň dekabrynda, FireEye howpsuzlyk firmasy özüniň hem nyşana alnandygyny bilende ýüze çykaryldy.

ABŞ hökümeti 5-nji ýanwarda geçen aýda köp sanly hökümet guramasyna we hususy kompaniýa edilendigi anyklanan hüjümleriň arkasynda Orsýetiň duran bolmagynyň mümkindigini we onuň maksadynyň “aňtaw maglumatlaryny ýygnamak” bolandygyny aýdýar.

Amerikan hökümeti milli aňtaw gullugynyň, Federal derňew gullugynyň we beýleki derňew gulluklarynyň direktorlary bilen bilelikde beýanat çap edip, federal hökümet ulgamlary bilen baglanyşykly "möhüm kiber hadysasynyň" gerimine düşünmek we onuň täsirini azaltmak tagallasynyň şindi hem dowam etdirilýändigini aýtdy.

Şu wagta çenli geçirilen derňew, federal häkimiýetleriň häsiýetlendirmegine görä, hökümet edaralaryna we hökümete degişli bolmadyk ulgamlaryň işine şindi hem täsir edýän hüjümiň arkasynda duran hakeriň "rus asylly bolmak" ähtimallygyny görkezýär.

"Biziň ynanjymyza görä, bu aňtaw maglumatlaryny ýygnamak tagallasy bolup, şindi hem dowam etdirilýär" diýip, beýanatda aýdylýar.

ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri, şol sanda döwlet sekretary Maýk Pompeo biraz öň bu çylşyrymly operasiýany amala aşyran hakerleriň arkasynda rus döwletiniň duran bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi, emma Moskwa bu ähtimallygy ret etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bu kiber hüjüminiň ähmiýetini peseltmek bilen bir hatarda onuň arkasynda Orsýetiň durandygy barada aýdylýanlara şübhe bildirip, öz resmilerine we hünärmenlerine garşy çykdy hem-de bu işiň Hytaýa degişli bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ýöne 5-nji ýanwarda çap edilen resmi beýanat Tramp adminstrasiýasynyň Orsýeti ilkinji gezek resmi ýagdaýda aýyplamagy boldy.

Şeýle-de bu beýanatda, ulgamlary nyşana almagyň ýykgynçylyk üçin däl-de, eýsem aňtaw maglumatlaryny ýygnamak maksady bilen edilene meňzeýändigini aýdylyp, hakerleriň ol maglumatlary näme etmek isleýändigi baradaky açyk soraga bölekleýin jogap berildi.

Gürrüňi edilýän giň gerimli hüjüm mart aýynyň başynda, hakerler hökümet we müňlerçe hususy kärhana tarapyndan ulanylýan SolarWinds programma üpjünçiliginiň täzelenmelerine zyýanly kod girizenlerinde başlandy we ilkinji gezek 2020-nji ýylyň dekabrynda, FireEye howpsuzlyk firmasy özüniň hem nyşana alnandygyny bilende ýüze çykaryldy.

ABŞ hökümetiniň beýanatynda bu hüjümiň SolarWindsiň Orion önüminiň takmynan 18,000 döwlet we hususy pudak müşderisine täsir edendigi aýdylýar. Emma muňa garamazdan, derňewçiler soňky işjeňlikleriň “has az sanly" müşderä täsir edendigini kesgitlediler.

"Biz şu wagta çenli ABŞ-nyň 10-dan gowrak döwlet edarasynyň bu kategoriýa girýändigini kesgitledik we täsir ýetmegi mümkin hökümetden aýry guramalary anyklamak we habar bermek üçin işleýäris" diýip, beýanatda aýdylýar.

"Bu çynlakaý zyýan bolup, ony düzetmek üçin yzygiderli we yhlasly tagalla edilmegi gerek" diýip, beýanatda bellenýär. Ýöne haker hüjümi netijesinde ABŞ-nyň haýsy döwlet edaralaryna wehim abanandygy barada hiç zat aýdylmady. Her halda, nyşana alnanlaryň arasynda Gazna, Söwda, Döwlet, Içeri işler howpsuzlygy we Goranmak departamentleriniň hem bardygy mälim boldy.

XS
SM
MD
LG