Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň tarapdarlary Kapitol binasyna kürsäp girdiler


Prezident Donald Trampyň tarapdarlary Kapitol binasynyň içinde
Prezident Donald Trampyň tarapdarlary Kapitol binasynyň içinde

Prezident Donald Trampyň tarapdarlary, kanunçykaryjylaryň saýlanan-prezident Jo Baýdeniň ýeňişini tassyklamak boýunça geçirýän maslahatynyň arasynda, Kapitol binasyna kürsäp girdiler.

Kanunçykaryjylaryň maslahaty geçen ýerinden alnan suratlarda: ýaragly howpsuzlyk güýçlerini we oturgyçlaryň arasynda oturan kanunçykaryjylary görse bolýar.

Kapitol binasynyň daşynda harby we aşa-sagçy toparlaryň agzalary märeke bilen garyşdy.

Protestçiler Trampyň goldawyna çagyryşlary edip, böwetleri agdaryp, polisiýa bilen çaknyşdy.

Senat gyssagly arakesme yglan etdi, kapitol polisiýasy hem Kongresiň agzalaryny binadan çykardy.

Hadysa ýüze çykandan soňra Tramp: “Haýyş, Kapitol Polisiýamyzy we Kanun Goraýjylarymyzy goldaň. Olar dogurdan hem biziň Ýurdumyzyň tarapynda. Asudalygy saklaň” diýip, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ol tarapdarlaryna dargamaldygyny aýtmady, şeýle-de onuň özüniň häzir nirededigi belli däl.

Mundan öň, paýtagtyň merkezinde Trampyň müňlerçe tarapdary saýlawlaryň netijelerine garşy çykyp, proteste ýygnanypdy.

Tramp goldawçylaryna ýüzlenip, subutnama getirmezden, saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny we hiç haçan özüniň ýeňlişini boýun almajakdygyny aýtdy.

Waşingtonyň häkimi 6-njy ýanwar 18:00-dan ertesi sagat 06:00-a çenli şäher boýunça kommendant sagadyny yglan etdi.

XS
SM
MD
LG