Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ganly gijeden soň 'tertip-düzgünli geçişiň' boljakdygyny aýtdy


Prezident Donald Trampyň tarapdarlary Kapitol binasyna kürsäp girýär. 6-njy ýanwar, 2021
Prezident Donald Trampyň tarapdarlary Kapitol binasyna kürsäp girýär. 6-njy ýanwar, 2021

Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky palata bu çärä garşy 303-121 netijesinde ses berdi. Biraz öň, Arizonadaky saýlaw netijelerine garşylygy ret edýän şuňa meňzeş ses berişlikde, respublikanlaryň gözegçiligindäki Senatda 93-6 netijesinde ses berildi.

Prezident Donald Tramp demokrat Jo Baýdeniň ýurduň 46-njy prezidenti hökmünde kasam kabul etjekdigini ilkinji gezek tassyklady we ABŞ-nyň paýtagtynda bolup geçen ganly zorlukly gijeden soň "tertip-düzgünli" geçişiň boljakdygyny aýtdy.

Ol Kongresiň 7-nji ýanwarda geçirilen bilelikdäki mejlisinde Baýdeniň Saýlaw kollegiýasynda 306 ses bilen ýeňiş gazanandygy, Trampyň 232 ses alandygy tassyklanandan soň, şeýle eglişige geldi.

Birnäçe ştatyň netijelerine bildirilen garşylyklar Baýdeniň prezidentlik möhletiniň azyndan iki ýylynda Senata we Wekiller öýüne gözegçilik etjek demokratlar tarapyndan berk ret edildi.

"Saýlawyň netijesi bilen düýbünden ylalaşmasam-da, muňa garamazdan, faktlar maňa 20-nji ýanwarda tertipli geçişiň boljakdygyny görkezýär" diýip, Tramp Baýdeniň kasam kabul etjek senesini belläp aýtdy.

ABŞ Senaty we Wekiller öýi, prezident Donald Trampyň tarapdarlarynyň bu prosesiň arasyny bölüp turzan ganly pitnesinden soň, respublikan kanun çykaryjylaryň käbiriniň Arizonanyň Jo Baýden üçin saýlaw sesini tassyklamaga bildiren garşylygyny ret etdi.

Kanun çykaryjylar 6-njy ýanwar güni giçlik Arizonadaky saýlaw netijelerini ret etmek synanyşygyna garşy ses berdiler. Bu, garaşylmagyna görä, respublikanlaryň noýabrdaky saýlawlarda prezident saýlanan Jo Baýdeniň ýeňşiniň resmi taýdan berkidilmegine, saýlaw kollegiýasynyň sesleriniň tassyklanmagyna garşy bildirjek nägilelikleriniň birinjisi bolmalydy.

Netijeleri tassyklamak synanyşygynyň arasyny bölen zorluk syýasatçylary gizlenmäge mejbur etdi, protestçi mähelle Kapitol binasynyň öňi germewli gapysyndan içerik kürsäp girende, garşydaky polisiýa bilen bolan atyşykda bir aýal ýaralandy.

Ýerli media derhal hassahana alnyp gidilen, ýöne soňra ýogalan aýalyň ABŞ-nyň Harby howa güýçlerinde 14 ýyl, dört möhlet gulluk eden weteran we berk Tramp goldawçysy bolandygyny habar berdi.

Waşington polisiýasy bidüzgünçilikler wagtynda dörän "adatdan daşary saglyk ýagdaýlary" netijesinde ýene üç adamyň ölendigini we köpçülikleýin bidüzgünçilige gatnaşan 52 adamyň tussag edilendigini habar berdi.

Kongresiň 50 ştatyň ählisiniň saýlaw seslerini tassyklamak prosesini dowam etdirmegine garaşylýar. Missuri ştatyndan Joş Hawleýiň we tehasly Ted Kruzyň ýolbaşçylygyndaky ondan gowrak respublikan senator, Wekiller öýüniň 100-den gowrak respublikan agzasy bilen birlikde, birnäçe ştatyň saýlaw netijelerine garşy çykmak planlaryny öňe sürýär.

Respublikanlaryň bu görýän çäreleriniň Baýdeniň wezipesine girişmegine päsgel bermek mümkinçiligi tasdan ýok, sebäbi Wekiller öýüne demokratlar gözegçilik edýär we bu tagalla garşy çykýan respublikanlar hem ýetelik bolup durýar.

Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky palata bu çärä garşy 303-121 netijesinde ses berdi. Biraz öň, Arizonadaky saýlaw netijelerine garşylygy ret edýän şuňa meňzeş ses berişlikde, respublikanlaryň gözegçiligindäki Senatda 93-6 netijesinde ses berildi.

Capitol binasynda tertip-düzgün ýola goýlandan soň, kanun çykaryjylar mejlisi dikeltdiler we sesleri kepilendirmek prosesini tamamlamagy wada berdiler.

"Şu gün Kapitol binasynda baş-başdaklyk gurnanlar, siz ýeňmediňiz" diýip, wise-prezident Maýk Pens mejlis gaýtadan başlananda aýtdy.

Günüň dowamynda bolup geçen zorluga we bidüzgünçiliklere iki partiýanyň agzalaryndan hem reaksiýa geldi, ýöne senator Mit Romniý (Respublikan-Ýuta), Tramp garşydaşy has gönüläp, bar günäni prezidentiň üstüne ýükledi.

"Biz bu ýerde diňe özüni bilýän adamyň ýaralanan buýsanjy sebäpli ýygnanýarys. Şeýle-de, onuň soňky iki aýda bilkastdan nädogry maglumat beren we şu gün irden herekete geçiren tarapdarlarynyň gahar-gazaby sebäpli ýygnanýarys" diýip, Romniý Senatyň mejlisinde eden çykyşynda aýtdy. "Bolan zat näme, Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň meçew bermegi bilen gozgalaň turdy" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Kapitol binasy onlarça adam germewleri böwsüp, binanyň içine girip, sesleriň hasaplanýan ýerine çenli baryp ýeteninden dört sagat soň howpsuz diýlip yglan edildi.

Kapitol polisiýasy penjireler döwlüp, kanun çykaryjylar oturgyçlaryň arkasyna çekilende, ýaraglaryny çykaryp, taýýar boldular. Binanyň merkezi böleginde, dawa-jenjeliň turan ýerinde göz ýaşardyjy gaz ulanyldy.

Bilelikdäki sessiýa ýolbaşçylyk edýän Pens senat palatasyna giren we "Trump bu saýlawda ýeňdi" diýip gygyran protestçileriň birini Senatdan ugratmaly boldy.

Baýden Delawer ştatynyň Wilmington şäherinden eden telewideniýe ýüzlenmesinde bu işiň “pitneçilik bilen araçäkleşýändigini" we Amerikan demokratiýasyny “görlüp-eşidilmedik hüjüme” sezewar edendigini aýtdy.

Tramp Baýdeniň çykyşyndan soň Twitterde ýerleşdirilen wideoýazgysyda saýlaw galplyklary barada birnäçe toslama aýyplamany gaýtalady, ýöne olaryň hiç biri-de ygtybarly subutnamalar bilen berkidilmedi. Ýöne ol protestçileriň dargamagyny sorady.

"Siz indi öýüňize gitmeli, bizde parahatçylyk bolmaly" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi: "Biz sizi söýýäris. Siz örän üýtgeşik" diýip, prezident aýtdy.

Twitter Trampyň hasabyny 12 sagatlap petikländigini aýtdy we zorluga sebäp bolup biljek birnäçe twitini aýyrmasa, hasabynyň hemişelik ýapylyp bilinjekdigini duýdurdy.

Şu aralykda, Facebook prezidentiň zorluk töwekgelçiligini sitirleýän wideosyny aýyrdy.

XS
SM
MD
LG