Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Human Rights Watch Özbegistanda jemgyýetçilik guramalaryny bellige almaga degişli “muşakgatly” düzgünleri ýazgarýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Human Right Watch Özbegistanyň ynsan hukuklary babatynda soňky ýyllarda “käbir” reformalary amala aşyrandygyny, ýöne onuň “çakdan aşa we muşakgatly” registrasiýa talaplary bilen hökümete degişli bolmadyk garaşsyz jemgyýetçilik guramalarynyň işini “berk” bökdemäge dowam edýändigini aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýewiň hökümeti kanunçylyga üýtgetme girizmeli hem-de adam hukuklary we mejbury zähmet ýaly ynjyk meselelerde iş alyp barýan garaşsyz toparlaryň hökümete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramasy hökmünde hasaba alynmagyna rugsat bermeli diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama 7-nji ýanwarda beren beýanatynda aýtdy.

HRW prezidentiň 2018-nji ýylda jemgyýetçilik guramalara degişli çäklendirmeleri aradan aýyrmak wadalaryna garamazdan, “gümürtik hem-de muşakgatly” düzgünleriň öz güýjünde galýandygyny aýtdy.

Gurama soňky ýyllarda Özbegistanda hasaba durmaga synanyşan alty garaşsyz toparyň wekilleriniň sözlerini sitirledi. Olar özleriniň registrasiýa arzalarynyň “örän ownuk harp ýalňyşlary, grammatik ýalňyşlar ýa-da punktuasiýa hatalary, dyngy belgiler, doly däl maglumat, ýa-da arzalarda ulanylan dil” sebäpli ret edilendigini aýdýarlar.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň biri ahyrsoňy özüniň üçünji synanyşygynda bellige alnypdyr diýip, HRW aýdýar.

XS
SM
MD
LG