Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hans Kluge: Türkmenistanyň COVID-19 testlerini BSG-niň laboratoriýalaryna ibermeýändigi ‘gynandyrýar’


BSG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Hans Kluge
BSG-niň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Hans Kluge

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa boýunça sebitleýin direktory Hans Kluge Türkmenistana koronawirus synaglaryny BSG-niň ýurduň daşyndaky barlaghanalarynda barlamak üçin ibermegi maslahat bermeginden soň, bu ugurda häzire çenli anyk ädimleriň bolmazlygyny gynandyryjy diýip atlandyrdy.

Hans Kluge bu barada 7-nji ýanwarda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi, şeýle-de türkmen hökümeti bilen bu rekommendasiýalar babatynda açyk dialogyň dowam edýändigini belledi.

Türkmen häkimiýetleri, dünýä boýunça koronawirus ýagdaýlarynyň gürelmegine garamazdan, ýurtda koronawirusyň ýeke ýagdaýynyň hem ýokdugyny öňe sürýärler. Şol bir wagtda, Azatlyk, şeýle-de beýleki garaşsyz neşirler ýurtda koronawirusa ýolugýanlar, ondan heläk bolýanlar barada yzygiderli maglumatlary berip gelýär.

Türkmenistanda koronawirusa garşy çäreler, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda baryp göreninden soň, iýul aýynda durmuşa geçirilip başlandy. Şonda daşary ýurtly bilermenler Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG