Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow sentýabrda bellenjek baýramçylygyň 'Guramaçylyk komitetini' döretdi


Baýramçylyga, çärelere baý Aşgabat.
Baýramçylyga, çärelere baý Aşgabat.

Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda sentýabryň aýagynda belleniljek Garaşszylyk baýramynyň Türkmenistanyň “gazanan üstünliklerini hem-de ýeten belent sepgitlerini wagyz etmekde" möhümdigini belledi.

Şeýle-de prezident Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralary we çäreleri ýokary derejede taýýarlamak we geçirmek boýunça, dokuz aý çemesi öňünden, Guramaçylyk komitetini döretmek hakyndaky karara gol çekdi.

Wise-premýer Mährijemal Mämmedowanyň hasabatynda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň “şanly senesine bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk işlerine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri gatnaşar.

Ýöne hasabatda bu çäreler üçin harçlanjak döwlet serişdeleriniň möçberi, dabaralara çekiljek býujet işgärleri, studentler, okuwçylar barada hiç zat aýtmady.

Şeýle-de mejlisde wise-premýer Şamuhammet Durdylyýewiň prezidentiň garamagynda şu ýyl ulanylmaga berilmeli binalaryň hem-de desgalaryň sanawyny hödürländigi habar berilýär, ýöne bu sanawyň detallary açylmaýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, G.Berdimuhamedow senagat we durmuş-medeni maksatly täze desgalary ulanmaga bermegiň aýratyn möhümdigini belledi.

Döwlet baştutany mundan öňem amala aşyrylýan taslamalaryň sanawyna gaýtadan seretmek tabşyrygyny beripdi.

Emma synçylar, ykdysady we medeni manysy gümürtik taslamalara ýüzlerçe million dollar harçlamagy dowam etdirmek bilen, häkimiýetleriň güzeranyny zordan dolaýan adamlaryň durmuşyny has-da çylşyrymlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG