Britaniýanyň AstraZeneca farmasewtiki kompaniýasy Oxford Uniwersiteti bilen bilelikde işläp taýýarlan COVID-19 waksinasyny ulanmaga ygtyýar almak üçin, Ýewropa Bileleşigine ýüz tutdy.
Ýewropanyň Medisina Agentligi 12-nji ýanwarda beýanat çap edip, gürrüňi gidýän waksina boýunça ilkinji netijeleriň 29-njy ýanwara çenli mälim etmeginiň mümkindigini aýtdy.
Eger-de düýbi Amsterdamda ýerleşýän gözegçilik edarasy oňaýly netije berse, şeýle-de Ýewropa Komissiýasy ony resmi derejede ykrar etse, onda bu 27 agzalyk Ýewropa Bileleşiginde ulanmaga rugsat berlen koronawirusa garşy üçünji waksina bolar. Mundan öň, Pfizer-BioNTech we Moderna waksinalaryna ygtyýar berildi.
Ýewropada koronawirus sebäpli 620 müňden hem aşa adam heläk boldy.
Oxford-AstraZeneca waksinasyna eýýäm ençeme ýurtda, şol sanda Argentinada, Britaniýada we Hindistanda ulanmaga ygtyýar berildi.