Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Putini Kremlden çykarmagy” maksat edinen şaman täze ýörişi yglan etdi


Aleksandr Gabyşew
Aleksandr Gabyşew

Russiýanyň Sibir regionyndaky Ýakutiýada ýaşaýan şaman martda Kremle tarap ýörişini dowam etdirjekdigini aýdýar. Mundan öň, onuň “prezident Wladimir Putini Kremlden çykarjak” diýip birnäçe gezek aýak üstünde Moskwa tarap ýöriş etmek synanyşygy resmiler tarapyndan böwetlenipdi.

Aleksandr Gabyşew YouTube-de eden çykyşynda, bu gezek Ýakutiýadan Moskwa çenli müňlerçe kilometr aralygy at üstünde geçmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Gabyşew 2019-njy ýylda Putini “arhaw” atlandyryp, rus prezidentini Kremlden çykarmak üçin ýörişe başlaýandygyny aýdypdy.

Ol soňy bilen 2 müňe golaý kilometr ýoly söküp, ýol ugruna ýüzlerçe russiýalylar bilen söhbetdeşlik geçirdi. Onuň adamlar bilen gürrüňleri sosial ulgamlarynda millionlarça tomaşaçyny çekdi.

Ol sentýabrda Burýatiýada saklandy we yzyna Ýakutiýa iberildi. Gabyşew ol ýerde birnäçe hepdeläp ruhy hassalar üçin keselhanada saklandy.

XS
SM
MD
LG