Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wekiller Öýi Trampa impiçment yglan etmäge taýýarlanýar


Wekiller Öýüniň spikeri Nensi Pelosi

ABŞ-nyň Wekiller Öýi prezident Donald Trampyň geçen hepde mähelläni Kapitol binasyna hüjüm etmäge öjükdirmekdäki roly boýunça, 13-nji ýanwarda oňa impiçment yglan etmäge taýýarlanýar. Bu aralykda, syýasy krizis üstünde Respublikan partiýasyndaky bölünişik ýitileşýär.

12-nji ýanwarda wise-prezident Maýk Pense Trampy Konstitusiýanyň 25-nji düzedişine laýyklykda wezipesinden çetleşdirmejekdigini mälim etdi. Munuň öňýany, Demokratlaryň kontrollygyndaky Wekiller Öýi ýurduň ýerine ýetiriji organynyň özüniň konstitusiýon hukugyndan peýdalanyp, Kapitoldaky wakalar sebäpli Trampy wezipesinden çetleşdirmegine çagyryş edip, rezolýusiýany kabul edipdi.

Wekiller Öýüniň spikeri Nensi Pelosi, eger-de Pense Trampy öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyz diýip, wezipesinden çetleşdirmese, onda Wekiller Öýüniň 13-nji ýanwarda Trampa impiçment yglan etmäge taýýardygyny aýtdy.

“Prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyna bary-ýogy sekiz gün galan wagty, siz we Demokratik topar Kabinetiň we meniň 25-nji düzedişi başlatmagymyzy soraýarsyňyz” diýip, Pense Pelosa ýollan hatynda belledi. “Men munuň biziň milletimiziň iň gowy bähbidine we Konstitusiýamyza laýyk boljakdygyna ynanmaýaryn” diýip, ol sözüne goşdy.

Demokratlar Trampa mähelläniň Kapitola eden hüjümi bilen baglylykda “gozgalaňa öjükdirmek” aýyplamasy bilen impiçment yglan etmegi planlaşdyrýarlar.

Kapitol binasyndaky hadysalarda bäş adam, şol sanda bir polisiýa işgäri öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG