Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-nyň synçy missiýasynyň ýolbaşçysy Gygyzystanda geçirilen goşa saýlawda jemgyýetçilik çekişmeleriniň bolmandygyny aýtdy


Sadyr Žaparow
Sadyr Žaparow

Geçen hepdäniň ahyrynda Gyrgyzystanda geçirilen saýlawlara Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) iberen synçy missiýasynyň ýolbaşçysy saýlawlar bilen bagly “birnäçe meselä” salgylandy. Gyrgyzystanda bir wagtda prezident saýlawlary we möhüm referendum geçirildi.

10-njy ýanwarda geçirilen saýlawlarda ÝHHG-nyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň synçy missiýasyna ýolbaşçylyk eden Tamas Meszerics Gyrgyzystanyň “saýlaw düzgünleriniň hukuk binýadynyň gowudygyny, ýöne referendum bilen bagly meseleleriň has gümürtikdigini” aýtdy.

Üç aý mundan ozal galp saýlawlar sebäpli ýüze çykan köçe protestleriniň arasynda türmeden boşan öňki tussag hem-de milletçi syýasatçy Sadyr Japarow saýlawlarda köp ses alyp ýeňiş gazandy.

Şol bir wagtyň özünde gyrgyz saýlawçylary gaýtadan prezident dolandyryş ulgamyna geçilmegine giň goldaw berdi. Bu, täze konstitusiýa kabul edilse, Japarowyň ygtyýarlyklaryny giňelder.

XS
SM
MD
LG