Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasyndan öň howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär


 Kapitol binasynyň daşy tikenekli sim bilen gurşaldy.
Kapitol binasynyň daşy tikenekli sim bilen gurşaldy.

Amerikan ştatlarynyň gubernatorlary prezident saýlanan Jo Baýdeniň kasam kabul etmeginiň öňüsyrasynda bolmagy mümkin demonstrasiýalara garaşmak bilen, sebit paýtagtlarynda Milli gwardiýanyň gullukçylaryny ýerleşdirýärler we adatdan daşary ýagdaý yglan edýärler.

FBI ştatlaryň paýtagtlarynda zorlukly wakalaryň bolmak ähtimallygy barada duýduryş berdi we ýaragly demonstrasiýa çagyryşlaryny hem öz içine alýan "onlaýn söhbetdeşliklerine" gözegçilik edýändigini aýtdy.

Prezident Donald Trampy goldaýan mähelläniň Baýdeniň ýeňşiniň soňky tassyklanmasynyň öňüni almak maksady bilen 6-njy ýanwarda Kapitol binasyna eden hüjümine çalymdaş zorlukly wakalaryň bolmazlygy üçin, häkimiýetler howpsuzlyk çärelerini görýärler.

Ondan gowrak gubernator öýleriniň goralmagy we ýerli hukuk goraýjy edaralara kömek berilmegi üçin Milli gwardiýany çagyrdy.

Käbirleri öz ýaşaýyş jaýlarynyň ýapylýandygyny ýa-da olara girmegiň çäklendirilendigini habar berdi.

Merilend, Nýu-Meksiko we Ýuta ştatlarynyň gubernatorlary adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.

Waşington şäheriniň merkezinde adatça köp adamly bolýan köçeler tasdan çolaryp galdy. Kapitol binasynyň daşy tikenekli sim bilen gurşaldy.

Resmiler Waşingtony howpsuz saklamaga Milli gwardiýanyň 20,000 töweregi goşunynyň gatnaşjakdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG