Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly studentleriň biri gurluşyk hadysasynda öldi, beýlekisi hassahana ýerleşdirildi


Elistanyň şäher häkimliginiň binasy
Elistanyň şäher häkimliginiň binasy

Rus metbugaty galmyk uniwersitetleriniň birinde okaýan türkmenistanly studentleriň biriniň Elistada abatlanýan söwda merkezindäki bir diwar bölegi ýykylanda ölendigini, beýlekisiniň ýaraly bolandygyny habar berýär.

“Interfaks” habar gullugynyň ýazmagyna görä, bu maglumaty Galmygystanyň prokuraturasy hem tassyklapdyr. Neşir ilki “Grand” söwda merkezindäki habarly çeşmä salgylanyp, üstlerine diwar ýykylan iki işçiniň biriniň ölendigini, beýlekisiniň hassahana ýerleşdirilendigini, olaryň ikisiniň hem Türkmenistanyň raýatlarydygyny habar berdi.

"Gubarewiç köçesinde ýerleşýän söwda merkezinde üç sany daşary ýurtlynyň gatnaşmagynda abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Bir gün öň, sagat 23: 00-da diwaryň bir bölegi ýykylanda ýaraly bolanlaryň wakanyň bolan ýerinde, alan ýarasyndan jan berdi, ikinjisi bedenine düşen dürli ýaralary sebäpli keselhana ýerleşdirildi” diýip, Galmygystanyň prokuraturasy bäşinji gün metbugata beren maglumatynda aýtdy.

Edaranyň wekili heläkçiligiň bolan ýerine Elistanyň prokurory Ilýa Noginiň baryp görendigini aýtdy.

"Prokuratura federal kanunçylygyň, şol sanda zähmet kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişini barlar we derňewiň netijesine esaslanyp, görülmeli çäreleri kesgitlär” diýip, habar agentliginiň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanly studentleriň we zähmet migrantlarynyň daşary ýurtlarda uçraýan betbagtçylykly ýagdaýlary barada olaryň okaýan, işleýän ýurtlarynyň metbugatynda, şol sanda Türkmenistandan daşarda çap edilýän garaşsyz türkmen neşirlerinde yzygiderli maglumat berilýär, emma türkmen häkimiýetleri we metbugaty bu hili habarlara reaksiýa bildirmeýär.

XS
SM
MD
LG