Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda bir günde kazy bolup işleýän iki aýal öldürildi


Kabul
Kabul

Owgan resmileri ýaragly adamlaryň paýtagt Kabulda, ýurdy gaplap alan nyşana alyp öldürmegiň çäginde, ýene iki adamy, kazy bolup işleýän aýallary öldürendigini aýdýar.

Nyşana alynýanlaryň köpüsi parahat adamlar, žurnalistler, hukuk aktiwistleri, medeni işgärler, aram dini ýolbaşçylar we jemgyýetçilik wezipelerinde işleýän aýallar bolup durýar.

17-nji ýanwarda irden ýaragly adamlar ulaglaryna ot açanda, öldürilen iki aýal öz işine barýan eken diýip, Ýokary kazyýetiň metbugat sekretary Ahmad Fahim Kaweem aýtdy.

Kabul polisiýasy edilen hüjümi tassyklady. Kaweem bu aýallaryň Ýokary Kazyýetde işländigini aýtdy, ýöne olaryň atlaryny aýtmakdan saklandy. Şeýle-de ol hüjümde işe barýan aýallaryň sürüjisiniň ýaralanandygyny aýtdy. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

ABŞ we owgan resmileri Owganystanyň esasy şäherlerinde möwjeýän zorlukda “Talybany” günäkärledi. Bu zorluk 19 ýyllyk urşy soňlamak üçin edilýän parahatçylyk tagallalaryna päsgel berýär.

"Talyban" bu ganhorluga dahyllydygyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG