Belarus protestçileri 17-nji ýanwarda ýurduň dürli şäherleriniň we şäherçeleriniň seýilgählerinde hem ýaşaýyş ýerlerinde ýöriş gecirdiler we awtoritar ýolbaşçy Alýaksandr Lukaşenkanyň işden aýrylmagyny talap etdiler.
Şeýle hem, demonstrantlar soňky bäş aýyň dowamynda demonstrantlara garşy zorlukly basyşlar üçin jogapkärleriň jogapkärçilige çekilmegini talap edýärler.
Saýlaw işgärleri ýurduň 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynda Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygyny yglan edenlerinden soň, Belarusda gündelik esasda demonstrasiýalar geçirildi.
Belarusda we daşary ýurtlarda köpler saýlaw netijeleriniň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny hasap edýärler.
ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyny kanuny diýip ykrar etmekden ýüz öwürdiler.
Garaşsyz BelaPAN habar gullugy demonstrantlaryň 17-nji ýanwarda Minsk, Brest, Hrodna we Gomel ýaly şäherlerde azyndan 30 ýöriş gurandygyny habar berdi.
Demonstrantlaryň köpüsi oppozisiýanyň gyzyl-ak baýdagyny göterdiler.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?