Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalist Soltan Açylowa halkara Martin Ennals baýragynyň finalisti boldy


Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa
Garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Soltan Açylowa adam hukuklary boýunça halkara Martin Ennals baýragynyň finalisti boldy. Bu barada Türkmenistanyň Hronikasy neşiri habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, Soltan Açylowa bilen birlikde baýragyň finalistleri: Saud Arabystanyndan Loujain Al Hathloul we Hytaýdan Ýu Wensheng hem bolupdyr.

Martin Ennals baýragy 1993-nji ýylda esaslandyrylyp, ol her ýyl “aýratyn batyrlyk” görkezen adam hukuklaryny goraýjylara gowşurylýar. Baýrak “adam hukuklaryny goraýjylaryň Nobel baýragy” diýlip hem atlandyrylýar.

Türkmenistanyň Hronikasy Soltan Açylowanyň bu baýragyň finalisti bolan ilkinji türkmenistanlydygyna ünsi çekýär.

Soltan Açylowa ençeme ýylyň dowamynda Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyk etdi we diňleýjilere Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdelerinden tapawutlanýan alternatiw maglumatlary obýektiw görnüşde berdi.

Soltan Açylowa alyp baran žurnalistika işi bilen baglylykda Türkmenistanda ençeme gezek dürli gysyşlara we hüjümlere sezewar boldy.

Türkmenistan halkara guramalarynyň hasabatlarynda metbugat azatlygy boýunça ýyllarboýy dünýäde iň ýaramaz derejede galýar.

Martin Ennals baýragynyň gowşurylyş dabarasy 11-nji fewralda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde onlaýn görnüşde geçer.

XS
SM
MD
LG