Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yslamabatda premýer-ministre garşy protestleriň arasynda howpsuzlyk güýçlendirildi


Pakistanyň premýer-ministri Imran Han
Pakistanyň premýer-ministri Imran Han

Pakistanyň paýtagty Yslamabatda oppozisiýa wekilleri premýer-ministr Imran Hana garşy giň gerimli ýörişi geçirýärler. Imran Han özüniň kampaniýasy üçin ýurduň daşyndan bikanun ýagdaýda maliýe serişdelerini kabul etmekde aýyplanýar.

Dokuz oppozisiýa partiýasyndan düzülen koalisiýa Pakistanyň Saýlaw Komissiýasynyň Hanyň Birleşen Ştatlardan maliýe serişdelerini alandygy baradaky alty ýyl mundan ozal tabşyrylan şikaýat boýunça netije çykarmagy üçin basyş edýär.

Resmiler ýörişiň öňüsyrasynda howpsuzlyk çärelerini güýçlendirip, Pakistanyň Saýlaw Komissiýasynyň öňünde müňlerçe polisiýa işgärini we esgeri ýerleşdirdiler. Saýlaw Komissiýasynyň, şeýle-de beýleki hökümet binalarynyň, şol sanda Ýokary suduň we Parlamentiň öňüne tikenli sim aýlandy.

Kanun ekspertleri Hanyň häkimiýet başyndaky Pakistan Tehrik-e-Insaaf partiýasyna daşardan maliýe serişdelerini kabul edip, ýurduň howpsuzlygyny howp astyna salandygy üçin, gadagançylygyň girizilip bilinjekdigini aýdýarlar.

Soňy bilen Hanyň tankytçysyna öwrülen onuň ozalky ýarany 2014-nji ýylda Saýlaw Komissiýasyna “daşary ýurtdan maliýeleşdirilmek” boýunça şikaýat bilen ýüz tutupdy. Ol pullaryň Pakistana bikanun ýollanan bolmagynyň mümkindigini belledi.

Pakistanyň saýlaw kanunlaryna laýyklykda, syýasy partiýalar daşary ýurtlardan maliýe serişdelerini kabul edip bilmeýärler.

XS
SM
MD
LG