Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowksaýa Belarusa howpsuz dolanmagyna ýardam sorap ÝHHG-e ýüzlendi


Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Ý
Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Ý

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk (ÝHHG) guramasyna ýüzlenip, özüniň we bosgunlykdaky beýleki oppozisiýa syýasatçylarynyň Belarusa howpsuz ýagdaýda dolanmaklaryna ýardam etmegi sorady. Tihanowskaýa dawaly prezidentlik saýlawlaryndan soň, özüne we maşgalasyna abanýan howp sebäpli Litwa aşmaly bolupdy.

Tihanowskaýa 18-nji ýanwarda öz websaýtynda ýerleşdiren maglumatynda bu barada mundan bir gün öň Ýewropa Bileleşiginiň ÝHHG-däki ilçileri bilen geçiren onlaýn maslahatynyň dowamynda çykyş edendigini mälim etdi.

“Halkara jemgyýetçiligi bilen birlikde, men Belarusa howpsuz ýagdaýda dolanmagyň ýollaryny tapmak isleýärin. Maňa garşy iki jenaýat işi gozgaldy. Olar meniň adymy gözlenýänleriň halkara sanawyna hem goşdular. Şu sebäpli, meniň dolanmagyň üçin ýörite kepiller gerek” diýip, Tihanowskaýa çykyş etdi.

Tihanowskaýa rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň Berlinden Moskwa gonan pursady tussag edilmegine hem ünsi çekip, munuň “halkara jemgyýetçiliginiň, esasan hem ÝHHG-niň goldawynyň möhümdigini” görkezendigini belledi.

Awgustda geçirilen saýlawlarda Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňendigi yglan edilenden soňra, ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy. Tihanowskaýanyň tarapdarlary we oppozisiýa wekilleri saýlawlarda Tihanowskaýanyň ýeňiş gazanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG