Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýdeniň baş diplomat dalaşgäri ABŞ-nyň Eýran bilen ‘has berk’ ýadro ylalaşygyny isleýändigini aýtdy


Saýlanan-prezident Jo Baýdeniň döwlet sekretary wezipesine hödürleýän kandidaty Antoni Blinken
Saýlanan-prezident Jo Baýdeniň döwlet sekretary wezipesine hödürleýän kandidaty Antoni Blinken

Saýlanan-prezident Jo Baýdeniň döwlet sekretary wezipesine hödürleýän kandidaty nobatdaky administrasiýanyň Eýran bilen “has uzyn we has güýçli” ylalaşyk ugrunda tagalla etjekdigini aýtdy.

Emma Antoni Blinken Waşingtonyň Tähran bilen täze ylalaşyk gazanmakdan entek has uzakdadygyny hem sözüne goşdy.

“Prezident wezipesine gireşende Eýranyň etjek anyk ädimlerine syn ederis, şeýle-de olaryň öz üstüne alan borçnamalaryna dolanyp-dolanmaýandygyny seljereris” diýip, Blinken 19-njy ýanwarda Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetinde kandidaturasyny ykrar etmek boýunça geçirilen diňlenişigiň dowamynda çykyş etdi.

Baýden eger-de Eýran 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynda göz öňünde tutulan borçnamalaryna dolansa, onda Birleşen Ştatlary Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirýän bu ylalaşyga gaýtadan goşmak meýillerini mälim edipdi.

Prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda ABŞ-ny ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Eýran öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.

Şeýle-de Blinken Russiýanyň Alekseý Nawalnyny tussag etmegini ýazgardy we munuň prezident Wladimir Putiniň Kremliň tankytçysyndan “nä dereje howatyr edýändigine” yşaratdygyny belledi.

Ol öňdebaryjy oppozisiýa wekiliniň “millionlarça we millionlarça ruslaryň” adyndan çykyş edýändigini, şeýle-de “olaryň seslerine gulak asmalydygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG