Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden ABŞ-nyň 46-njy prezidenti hökmünde kasam getirýär


Kapitol binasy

20-nji ýanwarda, ABŞ-nyň paýtagty Waşingtonda ýokarlandyrylan howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, Jo Baýden Kapitol binasynyň basgançaklarynda prezidentlige kasam getirer.

78 ýaşly Baýden elini Injiliň üstüne goýandan soňra, ol ABŞ-nyň prezidentligine kasam getiren iň ýaşuly adam bolar. Mundan az wagt soňra, ol Birleşen Ştatlaryň 46-njy prezidenti hökmünde Ak Tamda Donald Trampy çalşyrar.

152 ýylyň içinde ilkinji gezek wezipe möhleti tamamlanýan prezident innagurasiýa dabarasyna gatnaşmaz. Şol bir wagtda, ozalky prezidentler Jorj W. Buş, Bill Klinton we Barak Obama innagurasiýa çäresine gatnaşarlar. 96 ýaşly ozalky prezident Jimmi Karter çärä gatnaşyp bilmejekdigini duýdurdy.

Trampyň wise-prezidenti Maýk Pense we beýleki Respublikan syýasatçylarynyň köpüsi dabara gatnaşjakdyklaryny mälim etdiler.

56 ýaşly Kamala Harris hem wise-prezidentlige kasam getirer. Ol ýurduň taryhynda bu wezipäni eýeleýän ilkinji aýal we akýagyz bolmadyk ilkinji adam bolar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG