Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümediň agenti bolmakda aýyplanýan eýranlynyň tussag edilmegini Tähran ýazgardy


Kaweh Afrasiabi ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsady bolan eýran raýaty
Kaweh Afrasiabi ABŞ-da hemişelik ýaşaýyş rugsady bolan eýran raýaty

Eýranly bir syýasat ylymlary boýunça alym Birleşen Ştatlarda eýran hökümetiniň agenti bolmakda günäkärlenip, tussag edilenden soň, Tähran Waşingtony ony "zamun almakda” aýyplady.

ABŞ häkimiýetleriniň ýurtda hemişelik ýaşaýyş rugsady esasynda ýaşaýan eýran raýaty Kaweh Afrasiabiniň tussag edilendigini yglan etmeginden bir gün soň, Eýranyň Daşary işleri ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibazdeh aýyplama bildirdi.

Adalat departamenti Afrasiabiniň “Tähranyň hasaba alynmadyk agenti hökmünde hereket etmek we dildüwşük” aýyplamalary bilen 18-nji ýanwarda Massaçusets ştatynyň Watertown şäherindäki öýünde tussag edilendigini aýtdy.

Eger-de bu aýyplamalaryň ikisi boýunça höküm çykarylsa, Afrasiabi iň köp 10 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna duçar bolar.

On ýyldan gowrak wagt bäri Kaweh Afrasiabi Kongrese, žurnalistlere we amerikan halkyna özüni Eýran boýunça bitarap we obýektiw ekspert hökmünde tanyşdyrdy diýip, Milli howpsuzlyk boýunça baş prokuroryň kömekçisi Jon Demers 19-njy ýanwarda beren beýanatynda aýtdy.

Afrasiabi aslynda Eýran hökümetiniň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň BMG-daky hemişelik missiýasynyň gizlin işgäri ekeni, oňa öz propagandalaryny ýaýratmagy üçin töleg tölenýärdi diýip, Demers aýtdy.

Hatibzadeh eýran raýatyna bildirilen bu aýyplamalary esassyz diýip, ret etdi we ony “ýokary okuw jaýynyň görnükli mugallymy” atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG