Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan we Azerbaýjan iki ýurduň arasyndaky dawaly uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek boýunça ylalaşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan we Azerbaýjan Hazar deňzindäki “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça ylalaşdy. Bu barada Türkmenistanyň ýarym resmi Orient.tm neşiri habar berýär.

Türkmenistanyň daşary işleri ministri Raşid Meredow we onuň azerbaýjanly kärdeşi Jeýhun Baýramow 21-nji ýanwarda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýangyç känini bilelikde özleşdirmek we ösdürmek boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek Memorandumyna gol çekdiler.

Habarda aýdylmagyna görä, gol çekmek dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew hem wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Döwlet baştutanlary bu resminamany türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynda “täze tapgyr” atlandyrdylar.

Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň resmi web-saýtyna görä, 20-21-nji ýanwarda azerbaýjan wekiliýeti Aşgabatda saparda bolýar. Saparyň çäginde Azerbaýjanyň daşary işleri ministri Jeýhun Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky azeri wekiliýeti 21-nji ýanwarda prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

“Trend” neşirine görä, Azerbaýjanyň SOCAR energiýa kompaniýasynyň wekili “Dostluk” nebit-gaz känini bilelikde özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen Memorandumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda “täze sepgit” häsiýetlendirdi.

“Dostluk” Hazar deňzinde Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň araçägine ýakyn aralykda ýerleşýän uglewodorod ýatagynyň täze adydyr. Bu ýangyç käni ozal Azerbaýjanda “Kepez” Türkmenistanda “Serdar” diýlip atlandyrylýardy. Ýangyç käniniň eýeçilik hukugy boýunça iki döwletiň hökümetleriniň arasynda mundan ozal düşünişmezlikler bolupdy.

2018-nji ýylyň awgustynda Hazarýaka döwletleri - Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan Hazar deňziniň hukuk durumy boýunça Konwensiýany tassykladylar.

XS
SM
MD
LG