Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň kasam kabul ediş dabarasy 28-nji ýanwarda bolar


Gyrgyzystanyň saýlanan prezidenti Sadyr Žaparow
Gyrgyzystanyň saýlanan prezidenti Sadyr Žaparow

Gyrgyzystanyň saýlanan prezidenti Sadyr Žaparowyň kasam kabul ediş dabarasy 28-nji ýanwarda bolar. Bu barada Žaparowyň metbugat sekretary Galina Baýterek habar berdi

Gyrgyzystanyň Merkezi saýlaw komissiýasy 21-nji ýanwarda irki prezident saýlawlarynyň ýeňijisini yglan etmek bilen, Sadyr Žaparowy ýurduň saýlanan prezidenti hökmünde ykrar etdi .

Ses berişligiň netijelerine görä, ol 1 million 105 müň 248 ses aldy, bu 10-njy ýanwarda ses berenleriň 79,2 göterimi bolýar.

Ikinji ýer Adahan Madumarowa degişli – ol 94,741 ses ýa-da saýlawçylaryň 6,79 göteriminiň goldawyny aldy, üçünji orny 32,979 ses bilen Babyžan Tolbaýew aldy. Oňa saýlawçylaryň 2,36 göterimi goldaw berdi.

Merkezi saýlaw toparynyň kararyna görä, indi Sadyr Žaparowa degişli şahadatnama berler we ol döwlet baştutany hökmünde bellige alnar.

XS
SM
MD
LG