Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestler golaýlaýan mahaly, rus resmileri Nawalna we onuň egindeşlerine garşy basyşy gowzatmaýar


Moskwada bir aýal Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň düşüren derňew filmine tomaşa edýär. 21-nji ýanwar, 2021 ý.
Moskwada bir aýal Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň düşüren derňew filmine tomaşa edýär. 21-nji ýanwar, 2021 ý.

Rus resmileri öňümizdäki dynç günleri Alekseý Nawalnyny goldamak üçin ýurt boýunça geçiriljek köçe protestleriniň öňüni almak tagallalarynda hiç hili maýylgan alamat görkezmeýär. Resmiler adamlary köçä çykmaga çagyran birnäçe Kreml tankytçysynyň ýaranlaryny tussag edip, demonstrantlara türme haýbatyny atýar, rugsat berilmedik islendik çäräni “dessine basyp ýatyrmaga” äht edýär.

Nawalnynyň ýaranlary onuň Russiýadan Germaniýa dolanan badyna tussag edilmegine garşylyk bildirmek üçin ýurt boýunça azyndan 65 şäherde 23-nji ýanwarda demonstrasiýa geçirmegi planlaşdyrýarlar. Nawalnynyň awgust aýynda harby nerw agenti bilen agyr zäherlenmeginden soňra, ol Germaniýada bejergi aldy.

21-nji ýanwarda 44 ýaşly Nawalnynyň azyndan bäş egindeşi, şol sanda onuň Korrupsýa garşy gaznasynyň (FBK) ýokary derejeli resmileri tussag edildi.

Olaryň hatarynda Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş 22-nji ýanwarda paýlaşan twitinde rugsat berilmedik çäräniň guramaçylygy üçin özüniň administratiw tussaglyk astyna alnandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol özüniň bir gije tussag astynda galandygyny aýtdy.

“Dokuz gün möhlet bilen tussag edildim. Siz etmeli zady bilýärsiňiz. 23-nji ýanwar güni öýlän sagat 2:00-de öz ýaşaýan şäherleriňiziň merkezi köçelerine geliň!” diýip, ol ýazgy galdyrdy. Ýarmyş kazynyň höküm çykarmazdan öň, özüne bary-ýogy bäş minutdan hem az wagt berendigini belledi.

Lýubow Sobol 21-nji ýanwarda özüniň tussag edilmeginiň öňüsyrasynda "Häzirki zaman" telekanalyna interwýu berýär.
Lýubow Sobol 21-nji ýanwarda özüniň tussag edilmeginiň öňüsyrasynda "Häzirki zaman" telekanalyna interwýu berýär.

Nawalnynyň beýleki bir egindeşi, ýurist Lýubow Sobol bir gün öň tussag edilenden soň, ýakyn wagtda suduň öňüne çykarylmalydy.

Onuň aklawçysy Wladimir Woronin 22-nji ýanwarda ýazan twitinde suduň açyk geçiriljekdigini, ýöne oňa medianyň kabul edilmejekdigini aýtdy.

“Eger-de hemme zat adalatly bolsa, onda olar nämäni gizleýärler?” diýip, kazyýet diňlenişiginden öň ol twit ýazdy. Ol Sobolyň “jenaýaty” boýunça özüne berlen teswirnamanyň boşdugyna üns çekdi.

Prezident Wladimir Putiniň iň tanymal tankytçysy Nawalny 18-nji ýanwarda, Germaniýadan dolanandan bir gün soň, Moskwanyň polisiýa bölüminde geçirilen gysgaça diňlenişikde bir aý möhlet bilen deslapky tussaglyga alyndy. Kazyýet onuň, Berlinde saglyk bejergisini alýan wagty, öňki jenaýat işi boýunça ozal berlen synag möhletiniň talaplaryny bozandygyny öňe sürdi. Nawalna garşy açylan öňki jenaýat işine köpler syýasy matlaply galp aýyplama hökmünde garaýar. Ol 3,5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmek bilen ýüze-ýüz bolýar.

Bloomberg 22-nji ýanwarda rus liderine ýakyn iki çeşmä salgylanyp, Kremliň Nawalnyny “birnäçe ýyl, hatda ondan hem köp ýyl” möhlet bilen türmä basmaga niýetlenýändigini habar berdi.

Nawalny Putini öz janyna kast edilmegini buýruk bermekde aýyplady we rus halkyny özüniň tussag edilmegine garşylyk bildirip, köçelere çagyrdy. Onuň tussag edilmegi Günbatarda giňden ýazgaryldy. Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi, Fransiýa we Kanada onuň boşadylmagyna çagyryş etdi.

“Bu gün prezident Putin bilen geçiren telefon söhbetdeşligimde men Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegini ýazgarmakda hem-de onuň dessine boşadylmagyna çagyrmakda Ýewropa Bileleşiginiň birleşendigini ýene bir gezek gaýtaladym” diýip, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Şarl Mişel (Charles Michel) 22-nji ýanwarda Twitterde ýazdy.

Kreml Nawalnynyň zäherlenmegine özüniň gatnaşygyny ret edýär. Protestlere goldaw artýan wagty rus resmileri rugsat berilmedik islendik ýörişe gatnaşýan adamlaryň jezalandyryljakdygy barada duýduryş berip başlady.

“Rugsat berilmedik, bikanun ýörişler boýunça şübhesiz degişli çäreler görüldi” diýip, Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 22-nji ýanwarda žurnalistlere aýtdy.

Russiýanyň telekommunikasiýa göezgçisi “Roskomnadzor” eýýäm sosial media saýtlaryndan, şol sanda wideo paýlaşylýan TikTok tilsiminden rus ýaşlaryny “Nawalny demonstrasiýalary ýaly “bikanun” köpçülikleýin ýygnanyşyklara” çagyrýan ulanyjylaryň postlaryny ýaýratmagy bes etmegi talap etdi.

Moskwanyň polisiýasy 22-nji ýanwarda ýaýradan berk duýduryşynda eger oppozisiýa protestleri dowam etse, olary özleriniň basyp ýatyrjakdygyny aýtdy.

“Rugsat berilmedik köpçülikleýin çäreleri geçirmäge synanyşmak, şol sanda olara gatnaşyjylaryň islendik meçew beriji hereketleri jemgyýetçilik düzgün-tertibine abanýan howp hökmünde kabul ediler we dessine basylyp ýatyrylar” diýip, Moskwanyň polisiýasy ýaýradan beýanatynda aýtdy.

Nawalny gözenegiň arkasynda bolsa-da, onuň korrupsiýa garşy kampaniýasy şu hepde Putine garşy agyr zarba urdy. Kampaniýa Krasnodar regionynda Gara deňziň kenarynda ýerleşýän hem-de Putine degişlidigi aýdylýan kaşaň emläk barada derňew çap etdi.

Iki sagatlyk wideo 19-njy ýanwarda çap edileli bäri YouTube ulgamynda 44 million gezek görüldi. Bu onuň çap eden YouTube derňewleriniň arasynda şu wagta çenli iň köp görlen wideo boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG