Orsýetde demonstrantlaryň uly mähellesi Germaniýada Nowiçok zäherlenmesinden bejergi alyp gelenden soň tussag edilen kreml tankytçysy we oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň boşadylmagyny talap etmek üçin, aldajy sowuga hem polisiýanyň berk çäre görmek haýbatlaryna garamazdan, 23-nji ýanwarda proteste çykmak kararyna geldi.
Ilkinji ýörişler Sibirde we Uzak Gündogarda başlanyp, Habarowskde, Wladiwostokda we beýleki şäherlerde, berk howpsuzlyk çärelerine garaman geçirildi.
Polisiýanyň işine gözegçilik edýän OVD-Info topary ir sagat onlarda onlarça adamyň tussag edilendigini, tussag edilenleriň käbiriniň häkimiýetler tarapyndan ýenjilýändigini habar berdi.
Wladiwostokda düşürilen wideoda ýörite eşik geýen polisiýa işgärleriniň uly mähellä öwrülen demonstrantlary dargatmak üçin taýak ulanýandygy görünýär.
Uzak Gündogaryň Ýakutsk şäherinde demonstrantlar, güýçli ýele we minus 50 gradus temperatura garamazdan, protest bildirmek üçin köçelere çykdy.
Adatça iň uly ýygnanyşyklaryň geçirilýän Moskwada demonstrantlar Puşkin meýdançasynda duşuşmagy planlaşdyrdylar.
Habarlarda protestleriň 2017-nji ýylyň mart aýynda ýurduň 99 şäherinde hökümete garşy geçirilen demonstrasiýalardan bäri Russiýanyň iň uly demonstasiýa bolmak ähtimallygy agzalýar.
MBKh Media-nyň maglumatyna görä, Uzak Gündogarda we Sibirde geçirilen ýörişlere 15 000-den gowrak adam gatnaşdy.
Şu aralykda Moskwanyň Puşkin meýdanynçasynda planlaşdyrylýan demonstrasiýanyň öňüsyrasynda häkimiýetleriň bu ýere gelýän adamlary tutmaga başlady diýip, Azatlygyň rus gullugynyň habarçysy habar berdi.
Rus polisiýasynyň işine gözegçilik edýän OVD-Info topary sagat 12-lere cenli 30 şäherde azyndan 237 adamyň tussag edilendigini habar berdi.
"Roýters” habar gullugynyň biraz soňky maglumatyna görä, Moskwanyň merkezinde 40,000 demonstrant toplandy, ýurt boýunça azyndan 1090 adam tussag edildi.
Russiýanyň azyndan 65 şäherinde geçirilmegi planlaşdyrylan utgaşdyrylan çäräniň öňüsyrasynda häkimiýetler Nawalny ýaranlaryny tussag etdiler we sosial media platformalaryna adamlary "rugsat berilmedik" ýörişlere gatnaşmaga çagyrýan ýazgylaryny aýyrmak ýa-da agyr jerime tölemek bilen ýüzbe-ýüz bolmak duýduryşyny berdiler.
Bu protestler sentýabr aýynda garaşylýan kanun çykaryjy saýlawlaryň öňüsyrasynda, gyşyň aňzagynda we pandemiýa, ykdysady çökgünlik döwründe Alekseý Nawalna berilýän halk goldawynyň çynlakaý bir synagy bolup durýar.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?