Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada "Nawalnyny azat et" aksiýasy geçýär: şähere bronly tehnika cykaryldy, Gyzyl meýdan ýapyldy


Moskwa
Moskwa


Moskwanyň Puşkin meýdancacynda Alekseý Nawalnynyň tarapdarlaryny we geçegçileri köpçülikleýin tussag etmek başlandy diýip, "Häzirki zamanyň" habarçysy habar berýär.


Häzirki pursatda azyndan 10 adam tussag edildi, kämillik ýaşyna ýetmedik bir gyz hem polisiýa awtoulagyna dykyldy.

Şu gün irden Puşkin meýdançasyndaky işçiler plitkalary täzeden goýup başladylar – olar bu işi häzirem dowam edýärler.

Moskwada Alekseý Nawalnyny goldaýan ýörişden öň bronly ulaglar peýda boldy.

Meduzanyň habarçysy paýtagta barýan ýolda iki sany bronly tehnikany gördi: görnüşinden, bu 1980-nji ýyllardan bäri sowet we rus goşunlary tarapyndan ulnylýan BTR-80 ýa-da BTR-82.

Protest aksiýasynyň öňüsyrasynda, 22-nji ýanwarda, WKontakte sosial ulgamynda "Adaty Odintsowo" jemgyýeti şaýatlaryň , şeýle hem Moskwadaky köçe kameralarynyň ýazgylaryny çap etdi: olarda bronly ulaglar polisiýa we tiz kömek ulaglary bilen ugradylýar.

XS
SM
MD
LG