Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň awiakompaniýalary döwletden 53 milliard rubl goldaw soraýar


Moskwanyň Wnukowa halkara uçar menzilinde duran uçarlar.
Moskwanyň Wnukowa halkara uçar menzilinde duran uçarlar.

Rus awiakompaniýalary döwletden 2021-nji ýylyň birinji ýarymyndaky çykdajylaryň öwezini dolmak üçin 53 milliard rubl möçberinde subsidiýa sorady. Howa ulaglary operatorlary birleşiginiň Transport ministrligine iberen hatynyň nusgasy “Vedomosti” gazetine elýeterli boldy.

Bu hatda ýylyň birinji ýarymynda islegiň peselmegi, ilatyň satyn alyş güýjüniň pesligi we rublyň hümmetiniň durnuksyzlygy sebäpli, ýolagçy gatnadýanlaryň ýagdaýynyň ýaramazlaşjakdygy bellenýär. Şol bir wagtda, awiakompaniýalar täze koronawirus pandemiýasy sebäpli yza süýşürilen möhletler üçin salgyt we kärende töleglerini tölemeli bolarlar.

Federal howa transport gullugynyň deslapky maglumatlaryna görä, rus awiakompaniýalary 2020-nji ýylda 69,17 million adama hyzmat etdi. Bu olaryň eden hyzmatynyň, pandemiýa sebäpli, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% azalandygyny görkezýär.

Halkara howa ulaglary birleşigi dünýädäki ýolagçy gatnawy mukdarynyň krizisden öňki ýagdaýyna 2024-nji ýyldan bärde dolanyp bilmejekdigini aýdýar.

Operatorlar birleşiginiň hasaplamalaryna görä, awiakompaniýalaryň 2020-nji ýyldaky iş ýitgileri 200 milliard rubla barabar bolar. Hökümet olara takmynan 21 milliard rubl subsidiýa berdi.

Awiakompaniýalar mundan öň, oktýabr aýynda hem döwletden 50 milliard rubl sorady. Şol wagt olara beýle puluň berilmejekdigi aýdyldy. Döwlet eýeçiligindäki “Aeroflot” şol aýda täze paýnamalaryny satyn almak arkaly döwletden 80 milliard rubl aldy.

Uçar gatnawlaryna islegiň azalmagy sebäpli, "Aeroflot" hökümete uçuşlarda rugsat berlen goşlaryň göwrümini azaltmagy teklip etdi diýip, "Izvestia" gazeti ýanwar aýynda habar berdi.

Awiakompaniýanyň teklibine görä, goş ölçegleriniň mukdary 203-den 158 santimetre çenli azaldylmaly. Bu Russiýada iň köp satylan goş çemodanlaryndan bir santimetr az ýer alýar.

XS
SM
MD
LG